Türkmenbaşynyň bankomatlarynda ýene-de nagt pul ýok

Türkmenbaşynyň bankomatlarynda ýene-de nagt pul ýok

Türkmenbaşyly pensionerler we býujet işgärleri bir hepde bäri bank kartlaryndan pul çekip bilmeýärler. Şäheriň bankomatlarynda nagt pul ýene-de ýetmezçilik edýär.

Türkmenbaşynyň ýaşaýjylarynyň bank hasaplaryna pensiýa pullary 2-nji awgustda, aýlyk halkary bolsa 4-nji awgustda geçirildi. Muňa garamazdan, köpler henizem pullaryny nagtlaşdyryp bilmediler. Azatlygyň ýerli habarçysy bu barada 9-njy awgustda gürrüň berip, şeýle diýdi: "Gündiz bankomatlaryň içi boş, sebäbi olara pul ýüklenmeýär. Nagt pul irden bäşde ýüklenýär. Ýarym sagadyň içinde pul gutarýar we adamlar dargatmaga mejbur edilýär".

Habarçynyň sözlerine görä, uly nobatlary ir sagat 4-de bankomatlaryň öňünde görüp bolýar, garaşyp duranlaryň arasynda garrylar hem köp.

Käbir bank işgärleri pul ýetmezçiliginiň sebäbini soraýan müşderilere ähli nagt pullaryň ýurt ýolbaşçylarynyň we resmileriniň dynç alýan Awazanyň bankomatlaryna iberilýändigini aýdyp, düşündirýärler. Beýleki bank resmileri bankomatlara puly irden ýükläp, adamlaryň günüň dowamynda bankomatlaryň töweregine ýygnanmazlygy üçin şeýdip, nobatlaryň öňüni almaga synanyşýandygyny aýdýarlar.

1-nji awgustdan 1-nji sentýabr aralygynda dynç alýan türkmen hökümeti häzirki wagtda Türkmenbaşynyň golaýyndaky Awazada dynç alýar. Awaza milli syýahatçylyk zolagyna 5-nji awgustda prezident Serdar Berdimuhamedow hem bardy. Sosial-ykdysady meseleleriň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýän ýurt ýolbaşçylary, bankomatlarda we azyk dükanlarynda yzygiderli peýda bolýan nobatlara çydamsyzlyk görkezýär.

Bankomatlarda nagt puluň ýene bir ýetmezçiligi söwda nokatlarynda töleg terminallarynyň işine degişli bökdençliklere gabat geldi. Söwda merkezleriniň köpüsinde töleg terminallary ýok ýa-da işlemeýär. Bu şertlerde ilatyň puly nagtlaşdyrmakdan başga çäresi ýok.

"Bank işgärleri ilatyň bankomatlardan pul çekmegine gözegçilik etmäge synanyşýarlar. Bir gezekde 500 manada çenli pul almaga rugsat berýärler, müşderileriň ýanynda bank karty we pasporty bolmaly. Bu adamlary ertesi güni ýene-de gelmäge mejbur edýär. Şol sebäpden nobatlar köpelýär" - diýdi Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Bolýan zatlar ilatyň arasynda nägileligiň armagyna sebäp bolýar.

"Hatda pensiýamy almak-da azap. Supermarketde gymmat azygy satyn alyp bilemok, bazardan arzan önüm gözleýärin ýa-da has arzanrak zatlary gözläp obalara gidýärin. Munuň üçin nagt pul gerek. Emma şeýle nobatlarda durmak maňa kyn bolýar" - diýip, türkmenbaşly 70 ýaşly pensioner aýdýar.

Türkmenistanyň hökümeti, sanly tehnologiýalary ilatyň durmuşyna ornaşdyrmak bahanasy bilen alty ýyl gowrak mundan ozal aýlyk, pensiýa we beýleki tölegleri bank hasaplaryna geçirmek bilen nagt däl usulyny girizdi. Şol bir wagtyň özünde, nagt pul yzygiderli ýetmezçilik edýär, ilat pullaryny kynlyk bilen nagtlaşdyrýar.

2022-nji ýylda çap edilen resmi maglumatlara görä, Balkan welaýatynda 279 bankomat, 5499 töleg terminaly oturdylypdyr we 532 müňe golaý bank karty ilata berlipdir.Umuman alnanda, tutuş ýurt boýunça 5 million 65 müň 976 töleg kartoçkasy çykarylypdyr.

Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň habarynda 138 000 adamyň Balkan welaýatynda internet bank hyzmatlaryndan peýdalanýandygy we 10 000 müşderiniň mobil bank hyzmatlaryna girip bilýändigi aýdylýar.Bu sanlar ýurtda internetiň yzygiderli haýýalap, tas doly kesilýän wagtyna gabat gelýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Manat nagtlaşdyrmak kynlaşýar, Merkezi bank düşündiriş bermeýär
Gara bazarda dollar aşaklaýar, ýöne gymmat bahalar saklanýar
Bankomat we çilim nobatlary dowam edýär
Diňle: Türkmenbaşyda töleg terminallary tapgyr altynjy gün işlemeýär
Türkmenbaşyda töleg terminallary tapgyr altynjy gün işlemeýär
Aşgabadyň bankomatlarynda nagt ýetmezçiligi ýitileşýär