Türkmendeňizderýaýollary agentliginde Niderlandlaryň kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmendeňizderýaýollary agentliginde Niderlandlaryň kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň edara binasynda Agentligiň wekilleri hem-de Royal IHC Niderlandlar Patyşalygynyň kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Brýusselde geçirilen ýokary derejeli ýygnakda ara alnyp maslahatlaşylan, ileri tutulýan meseleleriň biri bolan Türkmenistanyň içerki suw ýollarynyň, deňiz we derýa kanallarynyň düýbüni çuňaltmak meselesi barada aýdylyp geçildi. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileriniň we läbik sorujylaryň bilelikdäki gurluşygy bilen baglanyşykly köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Agentligiň wekili myhmanlara agentligiň Derýaýollary paýdarlar jemgyýetinde döwrebaplaşdyrmaga degişli bolan gämi gurluşyk zawodynyň bardygyny, şeýle hem deňziň düýbüni çuňaldyjy gämilerdir läbik sorujylary gurmagynyň mümkinçiligi barada myhmanlara gürrüň berdi.

Duşuşygyň ahyrynda Royal IHC kompaniýanyň wekiliýeti Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna baryp, Türkmenistanyň gämi gurluşyk pudagy bilen tanyşdylar. 1642-nji ýylda esaslandyrylan Royal IHC kompaniýasy, deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileri we läbik sorujylary gurmak we taslamalaşdyrmak boýunça dünýäde öňdebaryjy kompaniýa bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda bu kompaniýanyň 90-dan gowrak läbik sorujylary ulanylýar.

Ozal Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň Baş direktorynyň orunbasary Niderlandlar Patyşalygynda bolan iş saparynyň çäginde Royal IHC kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen deňziň düýbüni çuňaldyjy gämilerini gurmak boýunça birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýetiniň Brýussele amala aşyran sapary we Hazarüsti taslamasynyň mümkinçilikleri
Türkmen wekiliýeti Brýusselde ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi
“Balkan” gämi gurluşyk zawody deňziň düýbüni çuňaldyjy gämini ýygnar
Türkmenistanda Ýewropanyň kompaniýalarynyň hyzmatlar merkezlerini açmak maslahatlaşyldy
Özbegistandaky Gyzylgum çölünde dinozawryň galyndylary ýüze çykaryldy
Ýüze çykarylan iň ýaş planeta Ýupiterden birnäçe esse uly boldy