“Türkmenenergo” Owganystanyň  kompaniýasy bilen goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi

“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy bilen ozal baglaşylan şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi Türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda elektroenergetika pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek barada Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy bilen ozal baglaşylan şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi. /* custom css */ .td_uid_15_6756de0825d0c_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6756de0825d0c_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Türkmenenergo Owganystanyň Da Afghanistan Breshna Sherkat kompaniýasy bilen goşmaça ylalaşyklary baglaşar
Aşgabatda Owganystana türkmen elektrik energiýasynyň üpjünçiligini uzaltmak baradaky ylalaşyga gol çekildi
FlyDubai Aşgabada dowamly uçuşlary dikeltdi, Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek boýunça şertnamanyň möhletini uzaltdy, Saratow uniwersitetinde türkmen talyplarynyň sany birnäçe esse artdy we beýleki habarlar
Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek boýunça şertnamanyň möhletini uzaltdy
Resmi habarlar
Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek baradaky şertnamalaryň möhletlerini uzaldýar