Türkmenfilm Medeniýet hepdeliginiň geçirilýän günlerinde bir hepdäniň dowamynda film surata düşürdi

Türkmenfilm Medeniýet hepdeliginiň geçirilýän günlerinde bir hepdäniň dowamynda film surata düşürdi

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşi tarapyndan Lebap welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginde täze film surata düşürilip, ol şu hepdäniň duşenbe güni Altyn asyr: Türkmenistan teleradioýaýlymynda görkezildi. Bu barada Türkmen gündogary gazeti habar berýär.

Dünýä kinematografiýasynyň taryhynda hem iň gysga wagtda düşürilen filmleriň biri bolan bu täze eser bary-ýogy bir hepdede doly taýýar edilip, şu hepdäniň duşenbe güni tomaşaçylara ýetirildi.

Medeniýet hepdeligi: Türkmenabat — 2021 atly täze filmde birleşigiň wekilleriniň Lebap welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligine gatnaşyşy barada gürrüň berilýär. Filmiň dowamynda olar hepdeligiň çägindäki iri dabaralaryň ählisine gatnaşýarlar. Şeýlelikde hepdelik hakynda film döredilýär. Şol bir wagtyň özünde-de görnüşlere çeper filmiň häsiýeti berlip, belli bir waka yzygiderliligi saklanylýar.

Türkmenabat şäherinde, Farap etrabynda we welaýatymyzyň käbir beýleki ýerlerinde surata düşürilen filmde ýerli ýaşaýjylaryň hem birnäçesine keşpler ynanylypdyr. Olar kino tejribesini ilkinji gezek başdan geçirýän hem bolsa, özlerine ynanylan keşpleri ýokary derejede ýerine ýetirip, filmiň şowly çykmagyna goşant goşupdyrlar.

Režissýor Arslan Eýeberdiýewiň surata düşüren filminde häzirkizaman kino sungatynyň ýaş wekilleri bilen birlikde halypalar hem çykyş edýärler. Tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanylan film Medeniýet hepdeligi ― 2021-den ajaýyp ýadygärlige öwrüler. Ol tomaşaçylar köpçüligine ýakymy ýüreklerde hemişelik ýaşajak hepdeligi ýene onlarça ýyllardan soň hem ýatladar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen kibersportçylary PUBG Mobile, eFootball 24 hem-de Tekken 7 boýunça çempionlyk üçin bäsleşerler
Türkmenistanda ahalteke atlarynyň marafony geçirildi, Urumçiden Aşgabada dowamly howa gatnawlary gaýtadan dikeldildi, üç sany türkmen kinofilmi Koreýadaky festiwala iberildi we beýleki habarlar
Aşgabatda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli sergi geçirildi
Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIII mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenko 59 ýaşady, türkmen paýtagtynyň günortasynda AŞGABAT ýazgysy peýda bolar, Aşgabatda Halkara ýoga güni bellenildi we beýleki habarlar
Türkmenistan ulag geçelgeleriniň infrastrukturasyny ösdürip, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýär
Türkmen filmleri XV Halkara Ýüpek ýolunyň merjen dänesi film festiwalyna gatnaşdyrylar