Türkmengaz arap kompaniýasyndan maddy-teniki enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn alar

Türkmengaz arap kompaniýasyndan maddy-teniki enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn alar

Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisiniň dowamynda wise-premýer Ş.Abdyrahmanow milletiň Liderine “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-tehniki enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almagy hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi, şol enjamlardyr ätiýaçlyk şaýlary “Döwletabatgazçykaryş” müdirligine degişli gaz gysyjy desgalarda hatardan çykan enjamlary çalyşmakda hem-de bejergi işlerini geçirmekde ulanmak meýilleşdirilýär.

Nebitgaz senagatynyň netijeli we durnukly işlemegini üpjün etmek önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, tehnikalary we enjamlary täzelemek, netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen gös-göni baglydyr, şol maksat üçin her ýyl uly möçberde maýa serişdeleri goýberilýär diýip, milletiň Lideri belledi.

Döwlet Baştutany “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-tehniki enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almagy hakynda” Karary makullap we oňa gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de oňa birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine maddy-tehniki enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň “Auguste International F.Z.E” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

Ýene degişli makalalar

'Türkmengazyň' işgärleri kömek pullarynyň we ýeňillikleriň ýatyrylmagyndan nägile bolýarlar
Türkmengaz BAE-niň kompaniýasy bilen şertnama baglaşar
OGT-2023: Forumyň soňky gününde sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi
“Inter”, “Milan” we “Atalanta” toparlarynyň täze transferleri