“Türkmengaz” hytaý kompaniýasyna $2,5 million bergili boldy

“Türkmengaz” döwlet konserni eýýäm iki ýyl bäri Hytaýyň CSR Ziyang Co., Ltd kompaniýasyna 2015-nji ýylda özüniň Marydaky №2 bazasy üçin satyn alan iki sany manýowr lokamatiwiniň bahasyny $2 451 000 töläp bilmän gelýär.

TAH-yň redaksiýasyna gowşan dokumentleriň göçürmelerinden görnüşine görä, lokomotiw öndüriji Türkmenistanyň edilen iş üçin töleginiň wagtyny bir ýarym aý yza geçiripdir, emma soň, şertnama laýyklykda, $129 müň jerime salypdyr.

Lokomotiwler 2015-nji ýylyň 13-nji awgustynda “Farap” stansiýasyna getirilipdir.

Bir ýyl soňra, 2016-njy ýylyň sentýabrynda konserniň başlygynyň orunbasary Nepes Bäşimow partnýorlara tölegiň ýakyn wagtda ediljekdigini ynandyrypdyr, emma “Türkmengaz” döwlet konserni şertnama esasynda galan tölegi $2 451 000 henizem tölänok.

“Biziň telefon gepleşiklerini geçirmek, duşuşyk bellemek synanyşyklarymyz, döwlet konserniniň adresine ýollan köp sanly hatlarymyz netijesiz galýar” diýip, CIS Debt Recovery Solutions kompaniýasynyň uly geňeşçisi Taras Kopiý TAH bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Bu kompaniýa CSR Ziyang Co., Ltd kompaniýasynyň ýuridiki ynanylan wekili bolup durýar we bu jedeli çözmäge ygtyýarly edilen.

“Türkmengaz” döwlet konserni ol lokomotiwleri satyn almak üçin hem hytaýlylardan Hytaýyň ösüş bankyndan karz pul aldy we bergisini öz hasabyna üzmegi borç edindi.

“Emele gelen ýagdaý konserniň ýolbaşçylarynyň öz işlerinden baş çykarmazlygyndan we şeýle ähmiýetli kompaniýanyň tölege ukypsyzlygyndan habar berýär” diýip, Taras Kopiý aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häzir ol we kärdeşleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň ähli potensial partnýorlaryny onuň ynamdar däldiginden we defolt ýagdaýyndan habarly edýärler. Bu ýagdaýdan hususan-da Pakistanda we Hindistanda TOPH proýektine gatnaşyjylar habarly edildi.

“Biz ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň we kreditçi bankyň üstünden Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryna ýüzlenmekçi, eger bu-da kömek etmese, belki-de iş halkara arbitraž suduna baryp ýeter” diýip, ol aýtdy.

CIS Debt Recovery Solutions halkara ýuridiki kompaniýasy “Russiýada, GDA ýurtlarynda we dünýäniň beýleki bir topar ýurdunda, bergidaryň nirede ýerleşýändigine garamazdan, bergileri gaýdyp almakda gowy hyzmat edýär”.

Ýene degişli makalalar

Taras Kopiý: Häkimiýetleriň Gaznada pul bar diýmegine garamazdan, “Türkmennebit” bergisini üzmäge gyssanmaýar
Halkara hukuk kompaniýasy: Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy defolt ýagdaýynda
​​“Türkmennebit” bäş ýyl bäri kiprli partnýorynyň öňündäki bergisini üzmän gelýär
Berdimuhamedow işe girizilmeli wagty yza çeken Owadandepedäki benzin zawodynda işleriň barşy bilen tanyşdy
“Türkmennebit” bäş ýyldan gowrak wagt bäri potratçysy bilen hasaplaşyp bilmeýär
“Türkmengaz” metbugat habarlaryndan soň hytaý kompaniýasyna bergisini töledi