“Türkmengaz” metbugat habarlaryndan soň hytaý kompaniýasyna bergisini töledi

11-nji aprelde “Türkmengaz” döwlet konserniniň eýýäm iki ýyl bäri hytaý kompaniýasyna 2015-nji ýylda satyn alan iki sany manýowr edýän lokomotiwi üçin $2 451 000 möçberindäki bergisini berip bilmeýändigi barada habar ýaýrady.

Hytaý kompaniýasy algysyny almak üçin, TAH-yň maglumatyna görä, kömek sorap, “Russiýada we GDA ýurtlarynda algy almak boýunça gowy hyzmat edýän” CIS Debt Recovery Solutions ýuridiki kompaniýasyna ýüz tutupdyr.

TH-nyň redaksiýasy bu kompaniýanyň uly geňeşçisi Taras Kopiý bilen habarlaşdy we ol ýarym ýyl wagt içinde algyny almak üçin dürli usullary ulanandyklaryny, hatda “Türkmengazyň” TOPH proýekti boýunça hyzmatdaşlaryna hem ýüz tutandyklaryny gürrüň berdi. 19-njy aprelde, bu maglumat habar saýtlarynda peýda bolanyndan bir hepde soň, “Türkmengaz” hytaý kompaniýasyna bergisini töledi.

“Meniň düşünimçe, uly bergi baradaky maglumat ýurduň iň ýokary ýolbaşçylaryna baryp ýetdi. Şu gün irden hytaý kompaniýasy biziň ýuristlerimize berginiň tölenendigini habar berdiler” diýip, Kopiý aýtdy.

Bellemeli ýeri, bu Türkmenistanyň bergisi baradaky maglumat habar serişdelerinde çykanyndan soň birinji gezek bergisini berşi däl.

2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Rosawiasiýa habar serişdelerine 19-njy sentýabrdan başlap “Türkmenhowaýollarynyň” uçarlaryna RF-nyň howa giňişliginde aeroawigasion hyzmatlarynyň bes ediljekdigini, sebäbi türkmen kompaniýasynyň degişli gulluklara bu ugurdaky öňki hyzmatlar üçin bergisini bermeýändigini habar berdi. Şondan iki gün soň Türkmenistan bergisini üzdi.

Geçen ýylyň 16-njy dekabrynda türkmen döwlet awiakompaniýasynyň “Türkmenhowaýollarynyň” uçary Şarl de Gol aeroportyndan Aşgabada uçup bilmedi, sebäbi ol kompaniýanyň bergisis üçin tussag astyna alyndy. Biraz soň bu bergi hem tölendi.

Ýene degişli makalalar

Taras Kopiý: Häkimiýetleriň Gaznada pul bar diýmegine garamazdan, “Türkmennebit” bergisini üzmäge gyssanmaýar
“Türkmengaz” metbugat habaryndan soň bergisini töledi
Türkmennebit’ $8,5 million bergisini indi dört ýyl bäri 'tölemeýär'
"Türkmennebit" pul töläp biljek ýagdaýda däldigini 'aýdýar'
Halkara hukuk kompaniýasy: Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy defolt ýagdaýynda
​​“Türkmennebit” bäş ýyl bäri kiprli partnýorynyň öňündäki bergisini üzmän gelýär