Türkmenhowaýollary agentligi ICAO bilen bilelikde sebit treningini geçirer

30-njy sentýabr — 18-nji oktýabr aralygynda Türkmenhowaýollary agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde Halkara raýat awiasiýa guramasy (ICAO) bilen bilelikde guralýan Uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça Döwlet inspektory hünärmenlere şahadatnama bermek okuw maksatnamasynyň çäginde nazaryýet okuwy geçiriler.

Nazaryýet okuwy awiasiýa hünärmenleriniň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek, ony ICAO-nyň standartlaryna we hödürlenilýän tejribelere laýyk getirmek maksady bilen geçirilýär.

Bu okuwa Türkmenhowaýollary agentliginden 7, şeýle hem sebitde gyzyklanma bildirýän taraplaryň, ýagny Gyrgyzystan, Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan we Azerbaýjan Respublikalarynyň raýat awiasiýasynyň çygryndaky ygtyýarly edaralardan 5 hünärmen gatnaşar. Olardan jemi 12 hünärmenden ybarat bolan okuw topary düzüler.

Bu okuwyň geçirilmegi Türkmenhowaýollary agentliginiň, şol sanda uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça daşary ýurtlaryň hünärmenlerini taýýarlamak we bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek, howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiň halkara derejesine laýyk gelýän okuw usulyýetini giňeltmek babatda uly mümkinçilikleri döreder. Çeşme: awtoulag.gov.tm

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda halkara derejeli awiasiýa hünärmenleri taýýarlanylar
Türkmenistanda raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Ulag-kommunikasiýa ulgamy ösdürilýär
06.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti we IKAO-nyň geňeşiniň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçilikler babatdan pikir alyşdylar
Türkmenhowaýollary“ Gullugynyň Awiasiýa işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde okuwlar IKAO ölçegleri boýunça alnyp barylýar