Türkmenhowaýollary Kuala-Lumpura her hepdäniň sişenbe we penşenbe günleri uçar

Türkmenhowaýollary Kuala-Lumpura her hepdäniň sişenbe we penşenbe günleri uçar

Türkmenhowaýollary agentligi 2024-nji ýylyň awgust aýyndan başlap Aşgabat — Kuala-Lumpur ugry boýunça howa gatnawlaryny hepdede 2 gezek amala aşyrar. Bu barada agentligiň metbugat gullugy habar berdi.

Uçuşlar her hepdäniň sişenbe we penşenbe günleri amala aşyrylar.

Müşderileriň isleginiň artýandygyny nazara alyp, amala aşyrylýan halkara gatnawlaryň uçuş geografiýasyny giňeltmek we üstaşyr ýolagçy akymyny artdyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň awgust aýyndan başlap, Malaýziýa döwletiniň Kuala-Lumpur şäherine hepdede 2 (iki) gezek yzygiderli ýolagçy gatnawyny ýerine ýetirmekligi meýilleşdirilýär. Gatnawlar hepdäniň sişenbe we penşenbe günleri ýerine ýetiriler diýlip, çeşmede bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi
Turkish Airlines: täze nyrhlar we amatly tertipnama
Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
Dostluk köprüsi: Aşgabatda Tourism Malaysia-nyň tanyşdyryş seminary geçirildi