Türkmenhowaýollary agentliginiň ygtyýaryna Boeing 777-200LR kysymly nobatdaky dördünji howa gämisi gelip gowuşdy.
AviationNepal.com saýtynyň habar bermegine görä, bu howa gämisi dünýäde Boeing 777-200LR kysymly iň soňky ýolagçy uçardyr.Uçar Boeing kompaniýasynyň ABŞ-nyň Eweret şäherindäki zawodynda öndürildi.Häzirki wagtda Türkmenhowaýollary agentligi tarapyndan üç sany “Boeing 777-200LR” kysymly howa gämisi dolandyrylýar.
Agentlik 2019-njy ýylyň ortalarynda bahasy 346 million 900 müň ABŞ dollaryna barabar bolan täze “Boeing 777-200LR” uçaryny sargyt edipdi.Bu täze uçar “Türkmenhowaýollary” agentliginiň “Boeing” kompaniýasyndan satyn alan 32-nji uçary boldy. “Boeing 777-200LR” ýolagçy uçarynyň bir bada 317 sany ýolagçyny daşamaga we 15 müň 843 kilometre barabar bolan uzaklyga çenli uçuşlary üznüksiz ýerine ýetirmäge ukyby bardyr.
