Aşgabat Hoşimin Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy ýola goýuldy

Aşgabat  Hoşimin  Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy ýola goýuldy

"Türkmenhowaýollary" agentliginiň amala aşyrýan halkara gatnawlarynyň sany artdy. Aşgabat Hoşimin Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy ýola goýuldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Aşgabatdan Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Hoşimin şäherine “Boeing 777-200 LR” kysymly häzirki zaman uçary ilkinji uçuşy amala aşyryp, ol täze ugur boýunça ýola goýlan howa gatnawlarynyň başyny başlady.

Aşgabatdan baran uçardaky ýolagçylary Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Hoşimin şäheriniň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň wekilleri mähirli garşyladylar. Şeýle hem olar Türkmenistandan Wýetnam Sosialistik Respublikasyna yzygiderli howa gatnawynyň ýola goýulmagy hem-de bu ugurda ilkinji uçuşy üstünlikli amala aşyryp, türkmen uçarynyň Hoşimin şäherine gelmegi bilen gutladylar.

Aşgabat Hoşimin Aşgabat ugry boýunça howa gatnawlary hepdede iki gezek amala aşyrylar.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi
Gezelenç etmeli iň gowy ýerler
Umra gitjek bolýan türkmenistanlylar ýurtdan çykmak we puluny yzyna almak kynçylygyny çekýär
“Altyn Ýunus” Wýetnamda geçirilen “Foodexpo 2024” sergisine gatnaşdy
23-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“Türkmenhowaýollary” täze Boingleri satyn alýar, emma içerki gatnawlary kemeldýär