Türkmenistan awiakompaniýasy Günorta-Gündogar Aziýa we Arabystan ýarym adasy ýurtlaryna gatnawlary açýar

Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat-Kazan (Russiýa Federasiýasy) ugry boýunça gatnawlary artdyrar we Günorta-Gündogar Aziýa hem-de Arabystan ýarym adasy ýurtlaryna täze ugurlary açar.Boeing 737-800 uçary 3-nji iýyldan 11-nji sentýabr aralygynda Tatarystanyň paýtagtyna goşmaça gatnawy amala aşyrar.

Ol Aşgabatdan çarşenbe günleri 6 sagat 25 minutda uçar. Şu ýyl ýurduň awiatorlary halkara gatnawlarynyň gerimini giňeltmegi göz öňünde tutýarlar.Türkmenhowaýollary agentliginiň hünärmenleri Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen howa gatnawyny ýola goýmak boýunça gepleşikler geçirýärler.

Mysal üçin, Tokio-Aşgabat-Tokio aralygyna ilkinji howa gatnawy ýerine ýetirildi.Ashgabatsyyahat Döwlet syýahatçylyk kärhanasy Türkmenhowaýollary agentligi bilen bilelikde ýaponiýaly syýahatçylar üçin ýörüte syýahat gurady, ol 26-30-njy iýuna göz öňünde tutulan.

Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň, Günorta-Gündogar Aziýa we Arabystan ýarym adasy ýurtlaryna uçar gatnawlarynda uzak aralyga niýetlenen döwrebap Boeing 777-200 LR uçary ulanylar. Şu amatly howa gämisinde Hoşimin (Wýetnam) şäherine yzygiderli gatnawlar ýola goýlar we Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur bilen howa gatnawy diklediler.

Awiatorlar Türkmenistanyň paýtagtynyň geografiýa taýdan amatly ýerleşişi Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň keramatly ýerlerine zyýarata gidýän üstaşyr ýolagçylary äkidip-getirmägi guramagy göz öňünde tutýarlar.Türkmenhowaýollary agentligi ýolagçylary Aşgabatdan Saud Arabystany Patyşalygyna, Jidda şäherine ýolagçylary elter, Mekkä we Medinä haja barýanlaryň aglaba bölegi bu şäheriň deňiz portunyň üsti bilen gidýärler.

Häzirki wagtda ýewropaly, türkiýeli, GDA ýurtlaryndan, tailandly we wýetnamly syýahatçylara Aşgabat halkara aeroportunyň üstünden Arabystan ýarym adasyna barmaga mümkinçilik berjek ugurlar işlenilip taýýarlanylýar.Olar türkmen paýtagtyna Germaniýadan, Fransiýadan, Angliýadan, Russiýadan we Türkiýeden gelýän ugurlar bilen utgaşdyrylar, bu bolsa ýurdumyzdan üstaşyr geçýän ýolagçylara goşmaça amatlyklar döreder.

Täze howa gatnawy ugurlary şu ýylyň noýabr aýynda açylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat Hoşimin Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy ýola goýuldy
Türkmenistan awiakompaniýasy gatnawlarynyň tomusky tertibini çap etdi
“Türkmenistan” awiakompaniýasy dört ugur boýunça awiabiletlere arzanladyş hödürleýär
Türkmenistan awiakompaniýasy Jidda we Hoşimin şäherlerine awiapetekleriň onlaýn-satuwyny açdy
Milana, Kuala-Lumpura, Jidda we Hoşimine ýola goýuljak uçuşlaryň wagty belli boldy
Aşgabat — Milan uçuşlary üçin petekler onlaýn satuwa çykarylýar
Türkmenistan awiakompaniýasy Milana, Kuala-Lumpura, Jidda we Hoşimine uçuşlaryny dowam etdirer