Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenhowaýollarynyň” başlygy Döwran Saburowa berk käýinç yglan etdi. TDH-nyň maglumatyna görä, käýinç “gulluk borçlarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmezligi, şahsy düzgün-nyzamy hem-de garamagyndaky edara-kärhanalarda tertip-düzgüniň berjaý edilişine gözegçiligi gowşadandygy üçin” berildi.
Saburow “Türkmenhowaýollarynyň” ýolbaşçylygyna 2016-njy ýylda bellenildi.
Döwlet awiakompaniýasy mart aýynda Açyk aksioner jemgyýete öwrüldi.
Bir hepde ozal uçar biletleriniň bahalary gymmatladyldy. Şonda prezidentiň aýdan sözlerine görä, “bu pudagyň işini gowulandyrmaga ýardam bermelidi”.
