Türkmenistan we Gazagystan göni howa gatnawyny gaýtadan dikeltmegi meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Gazagystan göni howa gatnawyny gaýtadan dikeltmegi meýilleşdirýärler

Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçisi Nurlan Nogaýew bilen Türkmenhowaýollary agentliginiň başlygy Döwran Saburowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda COVID-19 pandemiýasy sebäpli ýatyrylan iki ýurduň arasyndaky göni howa gatnawynyň gaýtadan dikeldilmegi barada pikir alşyldy. Bu barada Gazagystanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Nurlan Nogaýew göni howa gatnawynyň dikeldilmeginiň diňe bir raýatlaryň amatlylygy üçin däl, eýsem, ykdysadyýet we syýahatçylyk ýaly ugurlarda gatnaşyklarynyň ösmegi babatda hem möhümdigini aýtdy. Döwran Saburow türkmen tarapynyň hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi hem-de raýat awiasiýasy pudagynda tejribe alyşmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Çeşmäniň bellemegine görä, duşuşygyň netijesinde howa gatnawyny täzeden dikeltmek meýilnamasyny düzmek üçin goşmaça gepleşikleri geçirmek kararyna gelindi.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedowlaryň uçar flotuna täze kaşaň ulag goşuldy - zurnalistika derňewi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
“Türkmenhowaýollarynyň” başlygyna berk käýinç berildi
ÝHHG Merkezi Aşgbatda uçar meýdanlaryndaky barlaglaryň howpsuzlygy boýunça trening geçirdi
10.11.2017 | Türkmen Lideri “Türkmenhowaýollary” gullugynyň başlygyna we Daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygyna berk käýinç yglan etdi