ÝHHG Merkezi Aşgbatda uçar meýdanlaryndaky barlaglaryň howpsuzlygy boýunça trening geçirdi

18-27-nji aprel aralygynda Aşgabatda aeroportlarda we kontrol-geçiriş punktlarynda rentgen nusgalary şekillerinde ot açýan ýaraglary, partlaýjy enjamlary we gadagan edilen zatlary ýüze çykarmak maksady bilen edilýän gözegçilikde howpsuzlyk boýunça trening geçirildi.

Awiasiýa howpsuzlygy gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň Transport polisiýasynyň, Döwlet gümrük gullugynyň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň 19 wekiliniň gatnaşmagynda geçirilen okuw kurslary ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan gurnaldy.

Şeýle-de ÝHHG ýükler gözden geçirilende rentgen şekillerini anyklamak üçin zerur bolan programma bilen üpjün etdi.

Ýatladýarys, Türkmenistanyň prezidenti 21-nji aprelde “Türkmenhowaýollarynyň” başlygy Döwran Saburowa berk käýinç yglan etdi.

28-nji martda, bir ýolagçynyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy sebäpli, şwed awiakompaniýasynyň uçary Aşgabat aeroportynda mejrbury gonmaly boldy. Ýolagçylary otelde ýerleşdirmäge derek, uçar meýdanyndaky pasport kontroly zonasynda galdyrdylar. .

Ýene degişli makalalar

“Türkmenhowaýollarynyň” başlygyna berk käýinç berildi
10.11.2017 | Türkmen Lideri “Türkmenhowaýollary” gullugynyň başlygyna we Daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygyna berk käýinç yglan etdi
Türkmen Lideri “Türkmenhowaýollary” gullugynyň başlygyna we Daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygyna berk käýinç yglan etdi
“Türkmenhowaýollarynyň” problemalary we olary çözmegiň ýollary hakynda.(Okyjydan)
“Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçylary çemodanlarynyň açylmagyndan we bagaždaky çilimleriniň ýitmeginden nägile bolýarlar
Aşgabadyň aeroportunda käbir ýolagçylaryň goşlary açylyp barlanýar