“Türkmenhowaýollarynyň” problemalary we olary çözmegiň ýollary hakynda.(Okyjydan)

Bu makala “Türkmenistanyň Hronikasynyň” okyjylarynyň birinden gelip gowuşdy. Üýtgetmezden çap edilýär.

Salam, hormatly okyjylar, men bu makalanyň biziň çuňňur hormatlanylýan prezidentimize baryp ýetjekdigine umyt baglaýaryn.

Hawa, mesele awiasiýa hakynda, ýogsa men indi eýýäm 10 ýyl bäri Türkmenistanyň awiakomapaniýasynyň işgäri däl, emma söýgüli ýurdumyzyň territoriýasynda bolup geçýän ähli wakalary yzlaýaryn.

Meniň okgunly ösüş üçin ähli mümkinçiligi bolan Awiakompaniýanyň dargap barmagyna nebsim-janym agyrýar.

Hormatly jenap prezident we makalanyň okyjylary, men Türkmenistandaky awiasiýanyň ýagdaýyna, awiasiýanyň biziň ýurdumyzyň durmuşyndaky roluna we awiasiýany ýurdy krizisden çykarmakda “halas ediş krugy” hökmünde ulanmaklyga siziň gözüňizi “açmaga” çalyşýaryn.

Uzaga gidip oturman, başda 2017-nji ýyldan başlalyň.

Ýylyň başynda howa gämileriniň ähli parkyny dikeltmäge, şeýle-de awiasiýa biletleriniň internet arkaly satylmagynyň ulgamyny döretmäge pul bölündi.

Awiakompaniýa tutuş dünýä bergili: uçuş, uçarlaryň bejergisi, ýangyç guýulmagy üçin bergiler, bu awiakompaniýanyň uçuş personalynyň öňündäki bergileri hakynda aýtmanyňda şeýle, olara tölenmeli töleg noýabr aýynda 1,5 million ABŞ dollaryna golaý (hawa, hawa, hut walýutada).

Bölünen serişdeleriň bir bölegi şu bergileri tölemäge gönükdirildi, beýleki bir bölegi, baş hasapçynyň başarjaň emelleri netijesinde gitmesiz ýerine gitdi, ýeri gelende aýtsak, onuň täze uçar menziliniň gurluşygyny dolulygyna üpjün eden hususy transport kompaniýasy bar.

Ähli normatiw we ätiýaçlandyryş dokumentlerinden başga, awiakompaniýada ýalňyşlyk goýberen adamlar hemme zady, näme bolsa bolsun, uçara ýetirilen zyýany (käte 100.000$) ýa-da satyn alynýan iş lybaslarynyň bahasyny öz jübülerinden töleýärler.

Netijede, şu günki günde Boing-717-200 uçarlarynyň tutuş parky (7 sany) dolulygyna uçmaýar, diňe bir Il-76 uçýar, bir Boing 757-200 eýýäm üç ýyl bäri Stambulda dur. (duralga üçin bergi 2 million dollar möçberinde), ikinjisi uçman, Aşgabatda dur, dört sany 737 uçman dur.

Ätiýaç şaýlarynyň ammary dolulygyna boşadylan, bu ýagdaý ýurduň birinji adamsynyň we ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň uçuşyny üpjün etmeli VIP tehnika hem täsir ýetirdi.

Netijede, sentýabr aýynda çarter reýsleriň uly akymynyň uçup gelmegine taýýarlyk doly puja çykdy.

Şowsuzlygyň iň esasy sebäbi biletleriň internet arkaly satylmagynyň asla ýola goýlup bilinmezligi boldy.

Prezidente girdejiler barada galp maglumat berildi, ýagny awiakompaniýanyň işgärleriniň serişdeleriniň hem goşulmagynyň hasabyna görkezildi.

Goýberilen ýalňyşlykda THE-niň dolandyryşynyň halkara bölüminiň ýolbaşçysy we ministr D.R.Saburowyň özi (uçarlada ozal tualet zaprawkaçysy bolan) uly rol oýnady.

Çaklama görä, Aşgabada gelýän sportsmenleriň 80 prosentini getiren “Türkiş aýrlaýnsiň” we “Sibiriň” ýolbaşçylaryndan para alyndy.

Hawa, netijede ministri işden aýrarlar, beýleki aýrarlar, emma ýitirilen serişdäni kim yzyna getirer!

Türkmenistan awiakompaniýasy tarapyndan Bişkeke ýeke-täk çarter reýsi uçuryldy.

Girdejini görkezmek üçin, D.R.Saburow baş inspeksiýa uprawleniýesiniň başlygy B.A.Saparow we uprawleniýäniň baş hasapçysy bilen bir ýylyň dowamynda, tygşytlamak maksady bilen, halkara reýsleriniň we beýlekileriň inženerçilik düzüminden aýyrmak we çykdajylary kemeltmek barada karar kabul etdiler.

Inženerçilik düzümi uçarlara tranzit aerportlarynda hyzmat etmeli ekipaž düzüminde uçuşlary amala aşyrýar, bu funksiýany, şol sanda uçarlara ýangyç guýmagy, ministriň dilden beren buýrugy esasynda, pilotlar ýerine ýetirýär.

Uçuşlaryň howpsuzlygyna abanan gönümel howp bilen baglylykda, ýewropa komissiýasy awiakompaniýa ummasyz uly jerime saldy.

Häzirki we ondan öňki ýolbaşçylar tarapyndan goýberilen ýene kän kemçilik bar, olar uçuşyň howpsuzlygyna gönümel wehim salýar, emma makala bu barada däl.

Makalanyň baş manysy ýurtda emele gelen krizis ýagdaýynda biziň awiakompaniýamyzyň döwlete kömek etmek mümkinçiligini şöhlelendirmekde.

Ynanyň, men hatda, Türkmenistanda işlemeýän hem bolsam, men watançy bolup galýaryn we öz ýurduma janköýerlik edýärin. Gidenleriň ählisi (dürlü pudaklardaky professionallar) öz zähmetine degişli töleg edilen ýagdaýynda Aşgabada dolanmaga taýýar, şu günki günde ýokary hünärli kadrlaryň ägirt uly ýetmezçiligi bar.

Mysal hökmünde birnäçe awiakompaniýany alalyň we olar awiasiýa bazarynda nädip magnata öwrüldiler?

Emireýts, Katar, Turkiş aýrlaýns bular ägirt uly uçar parkyna eýe bolan we örän kän reýsi amala aşyrýan kompaniýalar.

Bu awiakompaniýalaryň çalt ösmeginiň bir sebäbi bar, ol arzan ýangyç kerosin.

Bu kompaniýalaryň ählisi uly nebit gorlaryna eýe bolan ýurtlarda ýerleşýär.

Biziň ýurdumyz nebit gorlary boýunça dünýäde birinji onluga girýär, bize şeýle awiakompaniýalary döretmäge näme päsgel berýär.

Uzaga gitmek gerek däl, Özbegistan we Gazagystan bireýýäm düşündi, ýerli ýolbaşçylar kompaniýalary halkara bazarynda saklap biljek ýagdaýda däl we daşary ýurtly menejerleri işe aldylar.

Problemany çözmegiň jogaby ýönekeý beýni!

Häzir şeýle ýagdaý döredi, halk ýarylmak stadiýasynda ýerleşýär, bahalar üç-dört esse gymmatlady, aýlyk haklary dollaryň gara bazardaky nyrhyny nazara alanyňda üç esse aşak düşdi.

Serediň, W.W. Putin nähili işleýär, ol çinowniklere ynanmaýar, ol halka ynanýar ýylda bir gezek halkyň arzyny we haýyşlaryny diňleýär.

Adamlaryň öz nägileliklerini ýazyp biljek, iň esasysy TEKLIPLERINI aýdyp biljek internet saýtyny dörediň. Ýurduň durmuşyny içinden diňe halk görýär, ähli dertleri, döwletiň masgaraçylykly we gowşak ýerlerini halk bilýär.

Häzir heläkçilikli ýagdaýda iş orunlary ýetmeýär, walýutanyň erkin alyş-çalyşmasy ýapyk, gaz satyn almagy bes etdiler we daşary ýurtdan haryt satyn almak mükinçiliginiň ýoklugy hem-de ýerli ilatyň töleg etmek ukybynyň pesligi zerarly haryt dolanyşygy pese gaçdy.

Bu ýagdaýy düýpli we çalt düzetmek mümkin, ýurda uly walýuta akymyny getirmeli. Hormatly jenap prezident, Size wepaly adamlaryň “gözboýagçylaryň” wezipesine bellenenleriň maslahatlaryna ynanmagyňyzy bes ediň.

Ýaşuly nesle hormat-sylagymyň çägi ýok, emma häzir “el çarpýan”, wezipe üçin pul tölän we guran döwletleri kül bolan ýaşulularyň maslahatyny diňlemegiň wagty däl.

Her pudakda şol ugruň işini bilýän professionaldan menejer bellemeli, gowusy daşary ýurtlyny (diňe Türkiýeden däl) bellemeli, diňe size garaşly nemes, hytaýly, iňlis, rus bolsa has gowy.

Mysal üçin, “hytaýly” size Hytaýa gaz satmazlygy teklip eder, Hytaýdan Türkmenistanyň territoriýasyna pulsuz ýer bermek bilen, haryt öndürmekde uly möçberde gaz talap edýän önümçilik getirmegiň çäresini tapar (diňe gaz üçin tölemekleri üçin).

Ýolbaşçylar, korrupsiýanyň täsirinden we gyzyklanýan adamlaryň haýbatyndan goranmak üçin, eldegrilmesizlik durumyna eýe bolmaly.

Her bir pudakda diňe professionallar işlemeli, bolmanda ýolbaşçy wezipelerde, milletine we türkmen dilini bilmeýändigine garamazdan.

Döwletiň alýan girdejisi (şol sanda Siziň alýanyňyz) häzir çinownikleriň getirýän möçberinden ençeme esse kän bolar.

Haryt dolanyşygy ulalar, iş orunlary dörediler, ykdysadyýet ösüp başlar.

Muny nähili amala aşyrmaly, meniň pikirimçe, çalt we sowatly çözgüt ilkinji nobatda awiasiýany galdyrmakda we hususan-da HALKARA ýolagçy we ýük gatnawlaryny galdyrmakda.

Bizde arzan nebit we kerosin bar, nebitiň bahasynyň arakasyndan biziň territoriýamyzyň üstünden uçýan awiakompaniýalary Türkmenistana ýene has köp çekmeli hem-de uçarlara Türkmenistanyň uçar menzillerinde ýangyç guýmak mümkinçiliklerini döretmeli.

Diňe oktýabr aýynda 1500-den gowrak uçar gondy (girdeji 40 million dollar), bu sanlary birnäçe esse ulaltmak mümkin.

Şeýle-de iň döwrebap uçar menzilini ulanyp, üstaşyr ýolagçy gatnawlary hyzmatlaryny hödürlemeli.

Migrasiýa gullugyndaky problemalary çözmeli Türkmenistan uçuş düzüminiň smenasyna diňe üç gün berýän ýeke-täk ýurt (ekipaž uzak smenalara galyp bilmeýär), beýleki ýurtlaryň ählisinde ekipaža 30 gün galmaga rugsat berilýär.

Awiasiýa işgärlerini taýýarlaýan mekdep GDA-nyň we Ýewropanyň territoriýasynda iň döwrebap mekdepleriň biri bolup durýar,emma gynansak-da, bu mekdepde awiasiýa işgärlerini taýýarlaýan spesialistler Türkmenistan awiakompaniýasynyň ozalky “uçujylary”.

Mysal üçin, awiasiýa işgärleriniň trenežer taýýarlygyna ýolbaşçylyk edýän Amangeldiýew biraz öň Aşgabat aerportynda, 45 gradus derejede aýlanyp, uçaryň ganatyny uçuş zolagyna degrip, tas heläkçilige sebäp bolupdy.

Mekdebiň spesialistleriniň köpüsiniň hünärmen taýýaralamaga hem-de daşary ýurtlylaryň tabşyrmalary esasynda tälim sapagyny geçmäge ygtyýar berýän halkara şahadatnamasy ýok, bular örän köp möçber.

Ýolagçylar Türkmenistan awiakompaniýasynda uçmak isleýärler, emma bilet satyn alyp bilmeýärler, sebäbi Moskwadan, Bangokdan, Londondan, Sankt Peterburgdan we beýleki ýerlerden Aşgabada, biletleri satýan agentligiň işgärine nagt pulda para bermek üçin gelip bilmeýärler.

Awiakompaniýanyň parkynda olara zerurlyk ýok wagtynda gerekleýän awikompaniýalara çyg lezinge (kireýine) berip boljak (uçaryň ulanylyşyna kontrollyk etmek üçin ekipažy bilen) örän köp uçar bar.

Şeýle ýurtlaryň biri edil gapdalymyzda, ol Eýran, olara golaýda halkara gatnawlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik döredildi, emma ýolagçy gatnawynyň talaplaryny ýerine ýetirip biljek uçarlary ýeterlik däl.

Ermenistan çöken kompaniýa ýolagçy gatnadyp bilenok, türkler her edip, hesip edip, Aşgabat bilen Ýerewanyň arasynda uçar gatnawynyň ýola goýulmagyna päsgel berjek bolaýrlar, ýogsa özleri bu milletiň uly diasporasynyň ýaşaýan ýurtlary bolan ABŞ-a, Kanada, Angliýa, Italiýa we Farnsiýa reýsleri amala aşyryp, ummasyz uly girdeji alýarlar.

Boing 717-200 Eýranyň, Ýerewanyň, Tbilisiniň gür ilatly ýerlerine aňsatlyk bilen uçup baryp, ol ýerden (çyg lezingiň şertnamasyna laýyklykda) BAE-niň, Orsýetiň, Türkiýäniň we beýleki ýakyn ýurtlaryň şäherlerine reýsleri amala aşyryp biljek.

Ortaça eger bir ýolagçydan 50 dollar alanyňda hem, 7 uçar, hersi 100 adam ýüki bolan ýagdaýynda, aýda 2 100 000$ möçberinde girdeji getirip biler.

Iň täze 737-800 uçarlarynyň birnäçesi boş dur ýa-da doly zyýanly ýerli reýsleri amala aşyrýar.

Şeýle-de, 777-200LR tipli uçarlary çyg lizinge taýbşyrmaly, bular hyzmaty gymmat düşýän uçarlar we Türkmenistan awiakompaniýasynda maksadalaýyk ulanylman, uly zyýana goýýar. Maglumat üçin aýdylsa, bu görnüşdäki uçarlar diňe 10 sagatdan gowrak wagta çekýän reýslerde girdeji geirýär.

Türkmenistanyň awiasiýa uprawleniýesiniň ykdysady bölüminde hiç bir spesialist rentabelnosty (gazançlylyk) bir uçar näçe girdeji getirdi we oňa bejeriş resurslary döwri arasynda näçe çykdajy çykaryldy bilmeýär.

Ýuwaş-ýuwaşdan başga kompaniýalara gidýän türkmen awiasiýa we inžener personalynyň aýlygy dünýäde iň pesi, hatda Täjigistandakydan hem iki esse az, Özbegistandakydan üç esse, Hytaýdakydan bolsa 7 esse az!!!

Ykdysatçy D.R Saburow her edip, hesip edip, muny hem aljak bolýar, maglumat üçin, ýanwar aýyndan bäri ähli ekipažlar öz serişdelerine banklarda uzyn nobatlara durup, wiza kartlaryna goýan pullarynyň hasabyna ýaşaýarlar we naharlanýarlar, özem olar daşary ýurtlarda Türkmenistanyň biziň ýurdumyzyň ýüzi.

Sözümiň ahyrynda örän gadymy, ýöne örän paýhasly bir nakyly aýtmak isleýärin.

“Sowgat getirýän nanaýlardan gorkuň”, hawa, gynansak-da, “nanaýlar” diňe Sizi ýüňsakgal etmediler, olar ýurdy, sabyrly, “akylly”, parasatly we barybir ötügiň aňyrsynda nur görýän halky hem “bükdüler”.

Gyssagly düýpli, halky kemsitmäge eltmeýän özgerişlikleri geçiriň, “nurbatlar soňuna çenli towlanan”, hyry iýler, halk ýarylmagyň gyrasynda, diňe daşary ýurtly sowatly spesialistler ýurdy we Sizi, we siziň Maşgalaňyzy halas edip biiler!

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Stambul — Aşgabat ugurlary boýunça gatnawlaryň uçuş tertibini hödürledi
Belgiýanyň awiakompaniýasy Aşgabat şäherine ýük gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär
Moskwa edilen pilotsyz uçar hüjümleriniň arasynda Türkmenistan rus paýtagtyna uçuşlaryny togtadýar
Belgiýanyň “Challenge Airline” awiakompaniýasy “Türkmenhowaýollary” bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
Türkmenistan EKSPO “Ýüpek ýoly” sergisine gatnaşmaga çagyryldy, Arkadag şäherinde täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryndan gozgalmaýan emläk satyn almaga karzlary bermegiň Tertibi tassyklandy we beýleki habarlar
Türkmenistan awiakompaniýasy Kazan — Aşgabat ugrundaky uçuşlaryň täzelenen tertibini hödürledi
Ýylda 4 million hytaýly syýahatçyny kabul etmekçi