Türkmeniň keşdeçilik sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça maslahat geçirildi

Türkmeniň keşdeçilik sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça maslahat geçirildi

Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz atly maslahat geçirildi. Onuň çäklerinde el işleriniň sergisi hem guraldy. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berilýär.

Maslahatyň dowamynda türkmen milli keşdeçilik sungatyny dünýä derejesinde ösdürmek bilen bagly çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenleriň hatarynda Türkmenistanyň Gahrymany, halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň Gahrymany, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa, Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowa, telekeçi zenan Orazgül Eýeberdiýewa hem bar.

BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa maslahatda eden çykyşynda:

— Häzirki wagtda Türkmeniň keşdeçilik sungaty atly hödürnama ÝUNESKO-nyň Sekretariatyna tabşyryldy. Şu boýunça geljek, 2022-nji ýylda degişli çözgüdiň kabul edilmegine garaşylýar.Elbetde, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmeniň keşdeçilik sungatynyň geljekde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu senediň dünýä halklarynyň medeniýetiniň bir bölegine öwrülmegini üpjün eder.

Munuň özi halkara medeni gatnaşyklaryň has-da berkemegine hem ýol açar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
TSTB-niň sergisiniň işi bir hepde uzaldyldy
Aşgabatda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli sergi geçirildi
Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIII mejlisi geçirildi
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda