#### *Gadymy Mary topragyna ylmy-etnografik ekspedisiýa guraldy* Biziň türkmen halkymyz tutuş adamzat taryhynda gaýtalanmajak medeni-ruhy gymmatlyklary bilen meşhurlyga eýe bolan iň gadymy halklaryň biridir.Nepisligi we reňk sazlaşygy bilen naýbaşy orny eýeläp gelen halylarymyz, bahar ýaýlalaryny ýatladýan keçelerimiz, tebigat gözelliklerine bäs edýän keşdelerimiz, altyn suwy çaýylyp ýasalan şaý-seplerimiz bularyň hemmesi dünýä medeniýetiniň altyn täjine öwrülen gymmatlyklarymyzdyr. Çeper döredijilige baý, zähmetsöýer we taýsyz ukyp-başarnygyň eýesi bolan halkymyzyň döreden we bize miras bolup gelip ýeten şeýle ajaýyp nepislikler türkmeniň gözelligi döretmäge bolan başarnygyny, çeper ukybyny äleme ýaýdy.
Ol gymmatlyklar, şol sanda halk çeper döredijiliginiň aýratyn bir ugry bolan ussaçylyk türkmeniň senedi sungata öwrüp bilýän halkdygyny tassyklap, umumadamzat gymmatlyklaryň hataryny baýlaşdyrdy.Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň hiç wagt öz gymmatyny ýitirmejek mirasyny öwrenmek, özboluşly ussatlyga we döredijilik ukybyna eýe bolan senetkärlerimiziň esasyny goýan halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny döredijilikli ösdürmek we miras baýlyklarymyzy özümizden soňky nesillere ýetirmek babatynda ägirt uly işler alnyp barylýar.
Halk arasyna aýlanyp, milli gymmatlyklarymyz baradaky maglumatlary toplamak maksady bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ylmy-döredijilik toparynyň döredilmegi we bu topar tarapyndan welaýatlara ylmy-etnografik ekspedisiýanyň guralmagy hem halkymyzyň müň ýyllyklara dowamat boljak mirasy hakyndaky aladadyr.
Golaýda bu topar bereketi egsilmejek Mary topragynda, Mary welaýatynda bolup geldi.Biziň ylmy-döredijilik toparymyz öz işini welaýatyň etrapdyr oba-şäherlerinde alyp barmak bilen ýerli ýaşaýjylar, kärine ussat senetkärler, halyçydyr, keşdeçiler, zergärler, palas-kilim önümlerini dokamak bilen meşgullanyp gelýän gelin-gyzlar, halk ussaçylygyny döredijilikli dowam etdirýän ussalar, halk döredijiliginiň ajaýyp nusgalary baradaky maglumatlary köp bilýän ýaşuly nesiller bilen duşuşdylar.
Toparymyz bu gadymy toprakda Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň medeni durmuşy, döredijiligi, senetçiligi, dokmaçylygy, zergärçiligi, milli tagamlary, ussaçylygy, folklory bilen ýakyndan tanyşmaga, baý maglumat toplamaga mümkinçilik tapdy.Biz öz toparymyzyň agzybir agzalary bolup haly-palas dokamak, keçe basmak, agaç ussaçylygy, milli şaý-sepleri ýasamak, halk döredijilik görnüşleri, milli däp-dessurlar, bu ýeriniň aşhana medeniýeti, milli tagamlary baradaky maglumatlary topladyk.
Mary welaýatyna guralan bu iş saparymyz biziň ylmy-döredijilik toparymyz tarapyndan guralan dördünji ekspedisiýadyr.Nesip bolsa, bu topar bilen gadymy Ahal topragynda maglumatlary toplamak işi mynasyp derejede dowam etdiriler.
Bize şeýle sogaply işe mynasyp goşant goşmaga döredip beren giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerimizdäki alkyşymyz çäksizdir.Halk mirasyny öwrenmekde bize nusgalyk ýoly görkezip, milli gymmatlyklarymyzyň ählitaraplaýyn goraglylygyny üpjün edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, mertebeleri belent, aljaklary diňe alkyş bolsun.
Döwletli işlerinde hemişe rowaçlyklar ýar bolsun.Sözümiz gury bolmaz ýaly Mary welaýatyndan toplanan alkyş-dileglerden bir parçasyny size ýetirmegi makul bildik: Saçaňňyz etli bolsun, Düzlermiz otly bolsun, Güne meňzeş nan ýapmaga, Tamdyrňyz otly bolsun, Gadamňyz batly bolsun, Tagamňyz datly bolsun, Dowamyňyz ogul-gyz, Olar gaýratly bolsun, Palaw buglanyp dursun, Döwür çaglanyp dursun, Ýaplardan bal suw aksyn, Suwlar ekini ýaksyn, Saçaklar toýa ýazylsyn, Juwanlar söýenne ýazylsyn, Bedew batly bu mekanda, Topragmyzdan altyn önsün, Bu türkmene döwran dönsün, Berkarar döwletimiziň Bagtyýardyr illeri, Arkadagly Serdar bilen - Galkynýar göwünleri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň, Ugur alsyn, ýörän ugurlary, Uzap gitsin ýaşlary, Aman bolsun başlary, Rowaç alsyn işleri!
OGULTÄÇ HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ylmy-döredijilik toparynyň ýolbaşçysy
