TÜRKMENIŇ TARYHY KÖKLERI

2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda, pähim-parasat akabasyndan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyzy öwrenmek we gorap saklamak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar.

Halkymyzyň medeni däp-dessurlary, sungaty, edep-ekram kadalary birnäçe asyrlaryň dowamynda döräpdir, kämilleşipdir we halkyň ruhy aýnasyna hem-de milliligine öwrülen buýsanjydyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Türkmeniň taryhy kökleri” atly baýramçylyk sergisi gurnaldy.

Baýramçylyk sergisi döwlet meýilnamasy esasynda Lebap welaýat häkimliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirildi.Sergide çykyş edenler ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde medeniýet ulgamlarynda ýetilýän belent sepgitlerimiz we ösüşlerimiz, şanly mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýlanjak 35 ýyllyk toýuna görülýän ýokary guramaçylykly taýýarlyklary, milli gymmatlyklarymyzyň köp öwüşgünligi bilen muzeýler tarapyndan öwrenilişi, gorap saklanylyşy we geljekki nesillerimize ýetirmekde alnyp barylýan işler hakynda belläp geçdiler.

Dabara gatnaşyjylar gadymy taryhymyz we geçmişimiz barada gürrüň berýän muzeýiň arheologiýa bölümine syýahat etdiler.Olar gadymy Lebap topragynda asyrlaryň şaýady bolup, biziň günlerimize gelip ýeten gadymy ýadygärliklerimiz, galalarymyz we olara degişli ylmy maglumatlar hem-de tapylan tapyndylar bilen ýakyndan tanyşdylar.

Bu günki geçirilen baýramçylyk sergisi hem-de muzeýe gurnalan gyzykly gezelenç bolsa oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.Baýramçylyk serginiň dowamynda Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini pugtalandyrmakda, milli mirasymyza çäksiz sarpa goýýan, ýaş nesillerimizi milli mirasymyza söýgi döretmekde, gorap saklamakda we milli ruhunda terbiýelemekde uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlar aýdyldy.

Ogulgerek AGAJANOWA Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

Ýene degişli makalalar

ZENAN-ZEMINIŇ ZYNATY
Balkanda ýene mejbury çäre geçirilip, G.Berdimuhamedow wasp edildi
Gurbanguly Berdimuhamedowy Si Szinpin garşylady
Pekinde bolýan Ogulgerek Berdimuhamedowa üçin ýörite medeni maksatnama taýýarlanyldy
Aşgabatda Tatarystanyň Medeniýet günleri açyldy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaýa sapar bilen ugrady, Merw - Altyn asyr duşuşygynyň petekleri satuwa çykaryldy we beýleki habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy HHR-niň başlygy Si Szinpin garşylady