Türkmenistan 10-njy Bütindünýä Halal sammitine we sergisine gatnaşar

Türkmenistan 10-njy Bütindünýä Halal sammitine we sergisine gatnaşar

2024-nji ýylyň 27 — 30-njy noýabry aralygynda Stambulda 10-njy Bütindünýä Halal sammiti geçiriler. Oňa Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşar. Bu barada Newscentralasia habar berdi.

Bu çäräniň çäginde B2B ýarmarkasy hem geçiriler, bu ýerde Türkmenistanyň kärhanalary dünýäniň dürli künjeklerinden degişli pudaklara wekilçilik edýän 500 alyjy bilen göni gepleşik geçirip bilerler.

Habarda bellenilişi ýaly, sammitiň we serginiň, takmynan, 40 müň myhmany özüne çekmegine garaşylýar. Sergide baglaşylan B2B şertnamalary kompaniýalara halal pudagynda paýyny artdyrmak üçin mümkinçilik döreder diýlip garaşylýar.

Sergi 25-den gowrak ýurtdan halal önümler pudagynyň wekillerini bir ýere jemlär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Stambulda geçiriljek “Halal Ekspo 2024” sergisine gatnaşar
Halal Expo 2024 halkara sergisi Türkmenistanyň telekeçilerini oňa gatnaşmaga çagyrýar
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI “RUSSIÝA YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM 2025” XVI HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
Ýewraziýa Syýahatçylyk we Saglyk Sergisi Açyldy
ŞÄRIKLI EKIN
“Altyn ýunus” HK-nyň täze önümleri