“Altyn ýunus” HK-nyň täze önümleri

“Altyn ýunus” hususy kärhanasy ýurdumyzyň konditer önümçiligini alyp barýan hususy taraplarynyň arasynda has-da meşhurlyga eýe boldy. Olar ýakynda şokoladly nogullaryň 4 görnüşiniň önümçiligini ýola goýdylar. Bu barada www.tstb.gov.tm habar berýär.

Kärhananyň önümçilik desgalary Mary şäherinde we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşmek bilen, olarda ýaşlaryň ýüzlerçesi yhlasly zähmet çekýärler. Kärhananyň ýyllyk kuwwatlylygy 15 müň tonna önüm öndürmäge mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, bu ýerde kökeler, şokolad batonlary, şokolad örtükli wafliler, çöpli süýjüler we beýleki konditer önümleri öndürilip, halkymyza hödürlenýär. “Ýunus”, “Melek”, “Emir” haryt nyşanlary bilen göze gelüwli, harytlyk gymmaty ýokary gaplara gaplanýan önümler tagamlylygy, hoşboý ysy hem-de täzeligi bilen tapawutlanýar.

ISO, HACCP, “Halal” ýaly halkara standartlara mynasyp bolan “Altyn ýunus” hususy kärhanasynyň agzybir işgärleri öndürijilikli zähmet çekip, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýarlar.

Ýene degişli makalalar

Bedew batly diýarym, aýdym-sazly mekanym
Daşkentde Gündogaryň merjeni ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýa sapary
Kalplary ýakynlaşdyran medeni baýramçylyk
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Altyn Ýunus kärhanasy ýokary hilli we datly azyk önümlerini hödürleýär