Türkmenistan 6 sany Boeing ýolagçy howa gämisini satyn alar, Serdar Berdimuhamedow ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň ýedi ýyllyk Strategiýasyny tassyklady, Awaza halkara festiwala gatnaşyjylary kabul edýär we beýleki habarlar

Türkmenistan 6 sany Boeing ýolagçy howa gämisini satyn alar, Serdar Berdimuhamedow ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň ýedi ýyllyk Strategiýasyny tassyklady, Awaza halkara festiwala gatnaşyjylary kabul edýär we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenhowaýollary agentliginiň ulaglar parkynyň üstüni ABŞ-nyň Boeing kompaniýasynyň 6 sany täze ýolagçy howa gämisi ýetirer. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Kararlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenhowaýollary agentligine 4 sany Boeing 737-8 kysymly, şeýle-de 2 sany Boeing 777-367/ER kysymly howa gämisini satyn almaga ygtyýar berildi.

2. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy tassyklanyldy. Bellenilişi ýaly, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Kararda görkezilen Strategiýanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmäge borçly edildi. Resminama ýurduň kanunçylygy we Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen kabul edildi.

3.Awaza milli syýahatçylyk zolagyna 13-nji iýunda açylýan Awaza-2023 halkara tans we halk döredijiligi festiwalyna gatnaşyjylar geldiler.Döredijilik forumy Eýrandan, Hindistandan, Hytaýdan, Gazagystandan, Rumyniýadan, Russiýadan, Täjigistandan we Özbegistandan özboluşly aýdymçylardyr tansçylary — etnik toparlary we tans ansambllaryny özünde jemleýär.

Olaryň arasynda öz ýurtlaryndan daşynda meşhur bolan folklor toparlary hem bar, olaryň köpüsi Türkmenistanda geçirilen medeni çärelere ozal hem birnäçe gezek gatnaşdylar.

4.Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň gutardyş dabarasy boldy.bu waka mynasybetli guralan dabaraly çäreler ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň hem-de içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkellerine gül desselerini goýmak bilen başlandy. Şeýle hem Halk hakydasy ýadygärlikler toplumyna gül desseleri goýuldy.

Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Harby akademiýanyň diňleýjileriniň, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Serhet institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň we Içeri işler ministrliginiň institutynyň, şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetiniň uçurymlarynyň hormatyna dabaralar guraldy.

Dünýäde

5.Ak-galpak, gök böri oýny hem-de Çarwadarlaryň Bütindünýä oýny ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynyň üstüni ýetirdi. Şahadatnama gowşurmak üçin Guramanyň baş müdiri Odre Azule Bişkek şäherine bardy.

Ak-galpak daglary we arassalygy alamatlandyrýan milli başgapdyr.Gadymy döwürlerde gök böri oýny ýigitleriň harby täliminleriniň hatarynda bolup, häzirki wagtda oýun hökmünde oýnalýar.Gyrgyzystanyň milli gymmatlygy bolan Bütindünýä çarwadarlar oýunlary ilkinji gezek 2014-nji ýylda geçirildi.

Oňa 19 ýurtdan 600 töweregi gatnaşyjy gatnaşypdy.Indi oýunlar milli sportuň 47 görnüşi boýunça guralýar.Respublikada bu oýunlar üç gezek geçirilip, soň bolsa beýleki ýurtlarda guralyp başlandy.

6.Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Abaý oblastynda ýüze çykan tokaý ýangynlarynda bolan adam pidalary üçin 12-nji iýuny milli hatyra güni diýip yglan etdi.Gazagystanyň tokaý hojalygynyň 14 işgäriniň ýyldyrym çakmagy sebäpli ýüze çykan ýangynda aradan çykandygy mälim edildi. Ýangynyň meýdany 60 müň gektardan gowrak bolup, ony söndürmäge dürli bölümleriň müňden gowrak işgäri gatnaşýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň prezidentine we halkyna bu hadysanyň ýüze çykmagy zerarly gynanç bildirdiler.

Sport habarlary

7.Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy CAFA Nation's Cup-2023-iň A toparçasynyň deslapky oýnunda Täjigistanyň ýygyndysy bilen deňme-deň oýnady.Daşkentdäki Pahtakor stadionynda bolan oýun 1:1 hasabynda tamamlandy. 57-nji minutda Altyn Asyryň hüjümçisi Myrat Annaýew hasaby açdy.

Täjigistanyň milli ýygyndysynyň oýunçylary 87-nji minutda hasaby deňlediler.Arkadag toparynyň hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezebany 22 ýaşly Resul Çaryýew oýnuň iň ökde oýunçysy diýlip yglan edildi. Ýaryşyň toparlaýyn tapgyrynda Türkmenistanyň ýygyndy topary ýene iki duşuşyk — 14-nji iýunda Özbegistanyň milli ýygyndysy bilen, 17-nji iýunda bolsa Oman bilen geçirer.

8. 16 ýaşly türkmenistanly Leýla Şöhradowa Batumide geçirilen küşt boýunça dünýä birinjiliginde bürünç medal gazanmagy başardy. Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy bu üstünligini 16 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda geçirilen rapid görnüşi boýunça gazandy. 11 tapgyrda 8 utuk gazanan Leýla Şöhradowa ýaryşda diňe russiýaly hem-de belarusly küştçülerden asgyn geldi.

9.Angliýanyň Mançester Siti topary Ýewropa çempionlar ligasynyň final oýnunda Italiýanyň Inter klubyndan üstün çykdy.Stambul şäherindäki Olimpiýa stadionynda geçirilen oýun 1:0 hasabynda şäherlileriň peýdasyna tamamlandy.

Gapma-garşylygyň ykbalyny çözen ýeke-täk gol 68-nji minutda iňlis toparynyň ýarymgoragçysy Rodri tarapyndan geçirildi. Şeýlelikde, Mançester Siti öz taryhynda ilkinji gezek ÝÇL-iň çempiony boldy. şu möwsümde italýan klublar ýewrokubok ýaryşlarynyň ählisinde finala çykmagy başardylar.

Emma finallaryň hemmesinde hem Italiýanyň wekilleri şowsuzlyga ýüz urdular.Has takygy, Interden öň Roma Ýewropa ligasynyň finalynda Sewilýadan, Fiorentina bolsa Konferensiýalar ligasynyň finalynda West Hemden utulypdy.

Ýene degişli makalalar

Araban Sarymsagy, ÝB Tarapyndan Geografik Belgi Şahadatnamasyny Aldy
"Türkmen-Tranzit" kompaniýasy halkara tassyklamasyndan üstünlikli geçdi
Sanly şahadatnama ulgamy işe girizildi
ÝB-niň Sanjym Şahadatnamasy Güýje Girdi
Jemgyýetçilik işi boýunça täze hünärmenler doly okuw döwrüni tamamladylar
Türkmen uçurymlary mekdepden göni goşuna alynýar