“Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň ýyllyk maslahaty Aşgabatda geçiriler

“Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň ýyllyk maslahaty Aşgabatda geçiriler

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 5-7-nji dekabrynda “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň her ýylky işewürlik maslahaty geçirler. Bu barada “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşi habar berdi.

Işewürlik maslahatynyň çäginde türkmen hökümetiniň ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda tegelek stollar guralar.

“Türkmenistan-ABŞ” işewürlik forumy Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilip, iki ýurduň işewür wekilleri bu ýerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşarlar.

“Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky ABŞ-nyň wekiliýeti “Climate Compass”, “Case New Holland”, “Honeywell”, “Jon Deere”, “Palo Alto Networks”, “Visa” we “Westport Trading Europe Ltd.” ýaly kompaniýalaryň wekillerini öz içine alar.

“Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşi ABŞ-nyň Waşington şäherinde ýerleşýän jemgyýetçilik guramasy bolup, ol ABŞ-nyň we Türkmenistanyň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin iş alyp barýar. Işewürler geňeşiniň esasy maksady ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek, hem-de jemgyýete bu gatnaşyklaryň ähmiýeti barada habar bermek bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkmen-amerikan işewürler maslahaty geçirildi
Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi
Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi
AŞGABATDA TÜRKMEN-AMERIKAN IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI
ABŞ-nyň işewür wekiliýeti Türkmenistana sapar eder