Türkmenistan Astanada neşe syýasaty boýunça sebitleýin dialoga gatnaşdy

Türkmenistan Astanada neşe syýasaty boýunça sebitleýin dialoga gatnaşdy

28-29-njy sentýabrda Astanada neşe syýasaty boýunça sebitleýin Dialog geçirildi. Oňa Merkezi Aziýanyň degişli döwlet edaralarynyň, Ýewropa institutlarynyň, raýat jemgyýetleriniň, halkara guramalaryň we sebitleýin hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dialogyň maksady, esasan, Merkezi Aziýanyň esasy gyzyklanýan taraplarynyň arasynda dinamiki ara alyp maslahatlaşmagy ýeňilleşdirmekden, Merkezi Aziýada neşäniň ýagdaýyna syn bermekden, häzirki neşe syýasatynyň ýagdaýyny, neşe syýasatyna abanýan howplary we üpjünçilige gözegçilik etmekdäki kynçylyklary ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Duşuşyga gatnaşanlar möhüm meseleleri we olar bilen bagly häzirki ýagdaýy gözden geçirdiler, Ýewropanyň öňdebaryjy tejribesini öwrendiler. Dialogyň dowamynda aýry-aýry sessiýalar, neşe syýasatyny üstünlikli ösdürmek we durmuşa geçirmek üçin täsirli gural hökmünde, gyzyklanýan taraplary okatmaklyga bagyşlandy.

Neşe syýasaty boýunça sebitleýin Dialog Ýewropa we Merkezi Aziýa guramalarynyň arasynda özara maslahatlaşmagy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşjak nobatdaky möhüm ädimdir diýip, çeşme belleýär.

Ýene degişli makalalar

Özbegistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy berkidýär
24-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyny guramak meýilleşdirilýär
23-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Putin älem giňişligine ýadro ýaraglarynyň ýerleşdirilmegine garşydyklaryny aýtdy
ABŞ bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda Möhüm minerallar boýunça C5+1 görnüşindäki dialogyň ilkinji mejlisi geçirildi
Brýusselde Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogy geçiriler