Türkmenistan at keselinden azat zolak diýlip ykrar edildi. Prezidente kubok gowşuryldy

Aşgabatda Halkara ahal-teke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi VII mejlisi geçirilýär.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasyýasynyň nobatdaky mejlisinde Halkara epizotik býurosynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Kazimiras Lukauskas prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda at keselinden azat zolagy döretmek hakyndaky sertifikaty gowşurdy.

Bu sertifikat Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde atçylyk sporty boýunça bäsleşigi geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Şeýle-de şu gün Halkara atçylyk sport federasiýasynyň baştutany Ingimar De Wos prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda atçylyk sport pudagyny ösdürmäge goşan ägirt uly goşandy üçin Halkara atçylyk sport federasiýasynyň Kubogyny we medalyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan at keselçiliginden erkin zonany döretmek hakynda sertifikat aldy
Türkmenistan ahalteke bedewleriniň taryhy watany
Olga Mizgirýowa: döredijilik we ykbal syrlary
Muzeý estetiki gurşawly hem-de maşgala bolup dynç alynmaly ýerdir