“Türkmenistan” awiakompaniýasy dört ugur boýunça awiabiletlere arzanladyş hödürleýär

“Türkmenistan” awiakompaniýasy dört ugur boýunça awiabiletlere arzanladyş hödürleýär

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat Hoşimin Aşgabat, Aşgabat Milan Aşgabat, Aşgabat London Aşgabat we Aşgabat Frankfurt Aşgabat halkara ugurlary boýunça awiabiletlere arzanladyş hödürleýär. Bu barada awiakompaniýanyň metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.

Ýolagçylar üçin arzanladyş 2024-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 31-nji martyna çenli dowam edýär.

Aşgabat Hoşimin ugry boýunça uçuşlar 2024-nji ýylyň 5-nji martyndan hepdede iki gezek, Aşgabat Milan/Malpensa ugry boýunça bolsa 2024-nji ýylyň 6-njy martyndan hepdede bir gezek ýerine ýetiriler.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarlary şu ýylyň 15-nji fewralynda Kuala-Lumpur (Malaýziýa) şäherlerine, 16-njy fewralda bolsa Jidda (Saud Arabystany Patyşalygy) şäherine ilkinji ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Hünärmenler täze halkara reýsleriň daşary ýurtlulary, Türkmenistana girizmeden, üstaşyr geçirmäge niýetlenendigini aýdýarlar
Türkmenistan awiakompaniýasy gatnawlarynyň tomusky tertibini çap etdi
Türkmenistan awiakompaniýasy Milana, Kuala-Lumpura, Jidda we Hoşimine uçuşlaryny dowam etdirer
Türkmenistan awiakompaniýasy Jidda we Hoşimin şäherlerine awiapetekleriň onlaýn-satuwyny açdy
Milana, Kuala-Lumpura, Jidda we Hoşimine ýola goýuljak uçuşlaryň wagty belli boldy
Aşgabat — Milan uçuşlary üçin petekler onlaýn satuwa çykarylýar