Türkmenistan awiakompaniýasy mart aýy üçin halkara gatnawlar boýunça petekleriň onlaýn satuwyna başlaýar

Türkmenistan awiakompaniýasy mart aýy üçin halkara gatnawlar boýunça petekleriň onlaýn satuwyna başlaýar

Türkmenistan awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň mart aýy üçin Aşgabatdan halkara ugurlara howa peteklerini onlaýn satyp başlady.

Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar. Bu ugurlara petekler satuwa çykarylýar. Bu ugurlara Boeing uçarlary hyzmat edýär.

Bahalar 2023-nji ýylyň 18-nji ýanwaryna çenli

Aşgabat (ASB) — Dubaý (DXB): 3892 manat 60 teňňe

Aşgabat (ASB) — Maýn boýundaky Frankfurt (FRA): 8023 manat 80 teňňe

Aşgabat (ASB) — Stambul (IST): 4877 manat 50 teňňe

Aşgabat (ASB) — Moskwa (DME): 4910 manat 80 teňňe

Aşgabat (ASB) — Kazan (KZN): 4886 manat 30 teňňe

Kazan (KZN) — Aşgabat (ASB): 4823 manat 30 teňňe

Moskwa (DME) — Aşgabat (ASB): 4876 manat 90 teňňe

Nyrhlar diňe bir ugur üçin görkezilendir.

Uçuş tertibi we petekler barada has giňişleýin maglumaty Türkmenistan awiakompaniýasynyň resmi web sahypasyndan ýa-da iOS we Android üçin niýetlenen ykjam programmadan alyp bilersiňiz.

Programmada uçar petegini satyn almak üçin islenýän ugry we syýahat senesini saýlamaly. Bu ugurda elektron petekleriň satuwy açyk bolsa, ýolagçy sanawdan islenýän uçuşy saýlap, Altyn Asyr bank karty bilen töleg töläp biler. Raýatlar ulgama pasportdaky maglumatlaryny girizmelidir.

Ýene degişli makalalar

HPG-niň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine berýän bahasy türkmen hökümetiniň sanlaryna gabat gelmeýär
Täze Aýterek mobil goşundysy harytlar we hyzmatlar barada bildirişleri ýerleşdirmek üçin mümkinçilikleri hödürleýär
Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy, Türkmenistanda galtaşyksyz töleg hyzmaty giriziler, Özbegistanda Türkmen halylarynyň milli muzeýiniň açylyşy boldy we beýleki habarlar
Türkmen manady — ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň we üstünlikleriniň nyşany
Çapar — siziň ygtybarly we amatly kömekçiňiz
DT: Sowet hökmürowanlygynyň türkmen çäginde miras galdyran 'kolonial pikirleri'
Sowet hökmürowanlygynyň türkmen çäginde miras galdyran 'kolonial pikirleri'