Türkmenistan awiakompaniýasy ýanwaryň başyndan 10 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrýar

Türkmenistan awiakompaniýasy ýanwaryň başyndan 10 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrýar

Ýanwar aýynyň başyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistan awiakompaniýasy 8 ýurda 10 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirilen uçuşlaryň tertibinde habar berilýär.

Uçuşlaryň aglaba bölegi Russiýa Federasiýasyna amala aşyrylar. Has takygy, Türkmenistan awiakompaniýasynyň uçarlary Moskwa (3655,8 manat) hepdede 5 gezek we Kazana (4954,3 manat) bolsa hepdede 4 gezek gatnar. Petekleriň bahasy turkmenistanairlines.tm saýtynda görkezilendir.

Şeýle-de, BAE-niň Abu-Dabi (3942,3 manat) şäherine hepdäniň anna güni, Dubaýa (3935,3 manat) bolsa hepdäniň duşenbe we çarşenbe günleri uçuşlar amala aşyrylar.

Mundan başga-da, London (5950 manat), Maýnuň boýundaky Frankfurt (5950manat), Bangkok (5151,3 manat), Pekin (5152 manat) we Deli (4252,5 manat) şäherlerinde hepdede bir gezek gatnaw ýola goýlandyr. Stambul (4945,5 manat) şäherine bolsa uçuşlar gündelik amala aşyrylýar.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi
ABŞ-da howa şertleri sebäpli 14 müňden gowrak uçar sapary bes edildi
Türkmenistan awiakompaniýasy gatnawlarynyň tomusky tertibini çap etdi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary