Türkmenistan awiakompaniýasynyň Türkiýedäki baş wekili bolan Hakim Turizm syýahatçylyk kompaniýasy Aşgabatdan Stambula we yzlygyna noýabr hem-de dekabr aýlary üçin petekleriň satuwynyň açylandygyny habar berdi. Bu barada syýahatçylyk kompaniýasy Turkmenportala ýörite mälim etdi.
Aşgabat ― Stambul ― Türkmenbaşy aralygyndaky uçar gatnawy hepdede dört gezek: duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri amala aşyrylýar.
Bir tarapyň peteginiň iň aşaky bahasy ABŞ-nyň 403 dollary möçberinde.
Uçar peteklerini Türkiýede syýahatçylyk operatory Hakim Turizmiň ofislerinde aşakdaky salgylardan satyn alyp bilersiňiz:
Hakim Turizm syýahatçylyk operatorynyň Türkiýedäki kömek bölümi: +902125229966 (ýerli wagt bilen 09:00-dan 19:00-a çenli jaň ediň).
Elektron salgysy: bilet@hakimtur.net
Habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan awiakompaniýasy Moskwa (RF), Kazan (Tatarstan, RF), Maýn boýundaky Frankfurt şäherine (Germaniýa), Minsk (Belarus) we Dubaý (BAE) ýaly şäherlere yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.