Türkmenistan bagtly çagalaryň ýurdy

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda geljegimiz bolan çagalar çuňňur alada bilen gurşalýar. Çagalar baglarynyň täze binalaryny ulanyşa bermek indi ýurdumyzda däbe öwrülip barýar. Şäherlerimizde çagalaryň oýnap, wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin niýetlenilen meýdançalaryň sany yzygiderli artýar. Çagalar baglaryndaky terbiýeçilik işleri edepli-ekramly, ylymly-bilimli, medeniýetli nesilleri ýetişdirmäge gönükdirilendir.

Bu ýerde çagalar jemgyýetde bilelikde we agzybirlikde ýaşamagyň ilkinji endiklerine eýe bolýarlar, Watanyňy, il-günüňi söýmegi öwrenýärler.

Çagalar barada edilýän aladada ata-babalarymyzyň asyrlarboýy bu ugurda toplan tejribesiniň hem uly ähmiýeti bar. Biziň ýurdumyzda çagalaryň beden we ruhy taýdan ösüp ýetişmekleri, olaryň başarnyklarynyň we zehinleriniň açylmagy üçin ähli şertler döredildi. Häzirki zaman pedagogik maksatnamalar, bilim özgertmeleri şu wezipäniň çözülmegine, okatmaga, saglygy goramaga, sporty we işjeň dynç alşy ösdürmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem milli Liderimiziň baştutanlygynda howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek babatda hem asylly işler alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiziň gol çeken taryhy Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi.

Bu gazna ýurdumyzyň Mejlisiniň karary bilen hormatly Prezidentimiziň ady dakyldy.Täze döredilen gaznanyň serişdeleri şol çagalaryň saglyk, bilim hyzmatlaryndan peýdalanmaklary, mynasyp dynç almaklary we beýleki zerurlyklary üçin gönükdiriler.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda çagalar üçin köşkleriň, çagalar öýleriniň, mekdep-internatlarynyň täze, döwrebap binalary gurulýar. Ýurdumyzda bir sebäp bilen ata-enesinden mahrum bolan çagalaryň terbiýelenýän we hossarlyk edilýän bilim-terbiýeçilik edarasy Döwletliler köşgi diýlip atlandyrylýar.

Ýurdumyzda adam hakynda alada döwlet derejesinde iň wajyp gymmatlyk hökmünde garalýar.Adam hakynda alada hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň esasy ugry bolmagynda galýar. Şunda geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim we terbiýe almagy, sagdyn endiklere eýerip, bagtly durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär.

Biziň Watanymyz ähli arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna bagtly çagalygyň mekanyna öwrüldi. Çagalygy goramak ýörelgeleri Esasy Kanunymyzda kanunçylyk taýdan berkidilip, kabul edilen kanunlarda, ýurdumyzyň gatnaşýan halkara Konwensiýalarynda, şeýle hem milli maksatnamalarda doly öz beýanyny tapýar.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin mümkinçilikleri döredýän häzirki zaman çagalar baglary, orta mekdepler, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri gurlup, ulanmaga berilýär. Çagalaryň saglygyny goramak hem-de dikeltmek boýunça ägirt uly işler geçirilýär. Ähli welaýatlarda saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň gurlup, ulanmaga berilmegi bilen olaryň döwrebap bilim almagy we jemgyýetde öz orunlaryny tapmagy üçin ähli şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiz her bir çaga mähirli garaýyş bilen öz howandarlygyny edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ata-baba däplerimize eýerip, haýyr-sahawat gaznasyny döretmek baradaky başlangyjy halkymyz tarapyndan doly goldanyp, milli Liderimiziň bu ynsanperwer başlangyjynyň geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalar bilen gurşalandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Oguljan ÝAÝYLOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk

institutynyň mugallymy.

The post Türkmenistan bagtly çagalaryň ýurdy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Bedew waspy
Ýüregi sen ýurdumyň, Ak şäherim Aşgabat!
Lebapdaky mekdepde Durnalar güni bellenildi
Ygalyň görnüşleri
“Time” žurnaly iň gowulary saýlady
Näzli dildarym sahna çykanda...