Türkmenistan ― Bangladeş duşuşygynyň başlangyç düzümleri belli boldy

Türkmenistan ― Bangladeş duşuşygynyň başlangyç düzümleri belli boldy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyrynda Bangladeş bilen geçirjek duşuşygynyň başlangyç düzümi belli boldy. Taryhynda ozal biri-biri bilen duşuşymadyk garşydaşlaryň ilkinji duşuşygy şu gün Kuala-Lumpur şäherindäki Bukit Jalil stadionynda geçiriler. Ol Aşgabat wagty bilen 14:15-de başlanar.

Türkmenistanyň başlangyç düzümi: Mämmet Orazmuhammedow (derwezeçi), Zafar Babajanow, Güýçmyrat Annagulyýew, Wezirgeldi Ylýasow, Möwlamberdi Goşşanow, Ahmet Ataýew, Elman Tagaýew, Selim Nurmyradow, Altymyrat Annadurdyýw, Begmyrat Baýow, Röwşengeldi Halmämmedow.

Bangladeşiň başlangyç düzümi: Anisur Rahman Ziko, Ýasin Arafat, Md Tutul Hoseýn Badşa, Bişwanat Goş, Md Rimon Hosseýn, Jamal Bhuýan, Biplo Ahamed, Sazzad Hossen, Rakib Hosseýn, Md Atikur Rahman Fahad, Mohammad Ibragim.

Ýene degişli makalalar

Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Türkmenistanyň ýygyndy futbol topary Tailandda ýeňiş gazanmaga taýýar
AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr Täjigistana 28 futbolçy bilen gitdi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaý ― Altyn asyr duşuşygynyň esasy düzümi