Türkmenistan Belarus bilen bilelikde derman öndürmek mümkinçiliklerini maslahatlaşýar

Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi Oleg Tabanýuhowyň we “BelAceptika” ÝPH-nyň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň duşuşygynda bilelikde derman serişdeelrini öndürmek meselesi maslahatlaşyldy. Bu barada 18-nji fewralda БЕЛТА habar berdi.

Taraplar saglygy goraýyş, şeýle-de medisina we derman senagaty pudaklarynda belarus-türkmen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüş perspektiwalary hakynda maslahat etdiler.

Iki ýurduň wekilleri hem derman öndürmek üçin öz ýurtlarynyň territoriýalarynda ösýän ösümlik derman çig mallaryny, beýleki tebigy we sintetiki düzümleri, şeýle-de medisina pudagyna niýetlenen taýýar önümleri bir-birege ibermek işlerine gyzyklanma bildirdiler.

“BelAceptika” ÝPJ we “Türkmendermansenagat” edarasy bilelikde derman serişdelerini öndürmegi ýola goýmak boýunça jikme-jik plan işläp düzmegi planlaşdyrýar.

Belleýäris, Türkmenistanda derman ýagdaýy çylşyrymly bolmagynda galaýr. Mundan başga, olaryň bahalary hem yzyguiderli ýokarlanýar, ýurtda gytalýan dermanlar köpelýär.

2018-nji ýylyň noýabrynda saglygy goraýyş temasyny gozgap, preziddent Gurbanguly Berdimuhamedow ilaty “netijeli dermanlar” bilen üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Bank hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy — ykdysady ösüşiň möhüm şerti
Türkmen logistika kompaniýalary türkmenhytaý işewürlik forumynda ýörite şertlerden peýdalanarlar
Hemişe onlaýn: TELECOMWIFI we TM CELL-iň amatly internet teklipleri
Hemişe ulgamda: internet hyzmaty ähli ýerde
“TM CELL” we “Türkmentelekom” internete elýeterliligi giňeldýär
Eýran harbylary oppozision kanalyň hemra ýaýlymy boýunça Türkmenistana “açyk duýduryş berdi"