Türkmenistan bilen Azerbaýjan Dostluk ýatagyny bilelikde ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Dostluk ýatagyny bilelikde ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Dostluk uglerod ýatagyny bilelikde ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow sişenbe güni sosial ulgamdaky hasabynda ýazdy diýip, Trend.az habar berýär.

Türkmenistana iş saparynyň çäginde SOCAR-yň prezidenti Röwşan Najaf we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow we onuň kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn energetika hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini, şol sanda energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşdyk diýip, ministriň sosial ulgamdaky ýazgysynda bellenilýär.

Şeýle hem habarda Dostluk ýatagynda uglewodorod baýlyklaryny bilelikde işlemegiň, şeýle hem SOCAR-yň Türkmenistandaky ýataklary özleşdirmäge gatnaşmagy üçin mümkinçilikleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy aýdylýar.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hökümetleriniň arasynda Hazar deňzindäki Dostluk uglewodorod ýatagynda bilelikde gözleg, işläp taýýarlamak hem-de özleşdirmek işlerini geçirmekde özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana tebigy gaz ibermegi 'wagtlaýyn' bes etdi. Näme üçin?
Türkmenistandan Azerbaýjana elektrik energiýasyny eksport etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Gazagystanyň üstaşyr geçiren nebitiniň paýy 842,9 müň tonna ýetdi
Aşgabatda halkara nebitgaz forumy öz işine başlady
“SOCAR Trading” Türkmenistanyň nebiti we gazy Halkara maslahatynyň hyzmatdaşy boldy
SOCAR bilen Ýewropa Bileleşigi TANAP we TAP-yň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar