Türkmenistan bilen Gazagystan bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine taýýar

Türkmenistan bilen Gazagystan bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Gazagystanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Askar Tažibaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Taraplar ýurtlaryň özara ynanyşmak arkaly hyzmatdaşlyk ýoluna berk eýerýändiklerini kanagatlanma bilen belläp, däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga, täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn taýýardyklaryny beýan etdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de doly ygtyýarly wekil özara hormat goýmak we birek-biregi goldamak ýörelgeleri esasynda guralýan, ägirt uly kuwwata eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle-de geçen ýylda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ýurdumyza bolan döwlet sapary mahalynda we iki ýurduň Liderleriniň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek bilen bagly meselelere garaldy.

Şeýle-de ýurtlarymyzyň möhüm strategik hyzmatdaşlar bolup durýandygy nygtaldy.

Halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça çemeleşmeleriň we garaýyşlaryň ýakyndygynyň dürli derejede türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde amatly şertleri döredýändigi bellenildi.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.

Ýene degişli makalalar

“Özüni tanyşdyrmak we abraýy berkitmek”. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri näme barada we näme üçin kitap ýazýarlar
ÝOKARY DEREJELI HALKARA FORUM DÜNÝÄ METBUGATYNYŇ SAHYPALARYNDA
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa — Ýaponiýa sammitine gatnaşdy
Ýewraziýa ýurtlarynyň liderleri Russiýada sebitleýin sammite gatnaşýarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” dialogynyň ilkinji ýokary derejeli sammitine gatnaşdy
Aşgabat — ählumumy dialogyň merkezi: Ýokary derejeli halkara forum dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Türkmenistanyň Prezidenti GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy