Türkmenistan bilen Gruziýa köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär

Türkmenistan bilen Gruziýa köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde gepleşikleri geçirdiler. Ýokary derejedäki duşuşygyň esasy netijesi hökmünde döwletara hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça has-da ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekildi.

Gol çekilen ylalaşyklaryň hatarynda maglumat ulgamyndaky hyzmatdaşlyk baradaky resminama aýratyn orun eýeledi.Hususan-da, Türkmenistanyň Altyn asyr elektron gazetiniň redaksiýasy bilen Gruziýanyň Europe 24 teleýaýlym kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Resminama ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi, şeýle hem habarlar materiallaryny yzygiderli alyşmagy göz öňünde tutýar.Munuň özi iki ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de maglumat giňişligini has-da giňeltmäge ýardam berer.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň gahrymanlaryny hatyralady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy
Türkmenistan we Gruziýa ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekdiler
Türkmenistanyň Prezidenti we Gruziýanyň Premýer-ministri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlaryna garadylar
Türkmenistan bilen Gruziýanyň haryt dolanyşygy 2025-nji ýylda $100 milliondan geçdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tbilisidäki gepleşikleriň jemlerini metbugat maslahatynda beýan etdi