Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň gahrymanlaryny hatyralady

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň gahrymanlaryny hatyralady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýa amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde Gruziýanyň bitewiligi ugrunda janyny gurban eden gahrymanlaryň hatyrasyna dikeldilen ýadygärlige gül dessesini goýdy. Bu barada 1tv.ge habar berýär.

Çärä türkmen wekiliýetiniň agzalary we Gruziýanyň Goranmak güýçleriniň serkerdesi, general-leýtenant Georgi Matiaşwili gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň anna güni Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze bilen ikiçäk duşuşygynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Duşuşykda taraplaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Gruziýa iki günlük döwlet sapary bilen bardy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy — daşary ýurt neşirleriniň sahypalarynda
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
Türkmenistanyň daşary işler ministri Gruziýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy
Aşgabatda Gruziýanyň täze Ilçisi işläp başlady