Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwilini kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Gruziýada Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwiliniň we Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başygyna iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Gruziýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de gruzin wekilýetiniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň netijeleriniň bilelikdäki tagallalary birleşdirmäge uly ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti “Hazar deňzi — Gara deňiz”, “Lapis Lazuli”, “Ýaşyl port” ýaly taslamalary durmuşa geçirmegiň we ösdürmegiň möhüm ähmiýetini belledi.

Şeýle hem söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamynyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halklary ýakynlaşdyrmakda hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda uly ornunyň bardygyny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwili ýola goýlan netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Mundan başga-da şol gün Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Gruziýanyň jahankeşdelik pudagy girdejisini artdyrdy
Syýahatçylyk pudagy girdejisini artdyrdy
Bodruma 2 kruiz gämi bilen 2 müň 217 ýolagçy geldi
Türkmenistanyň daşary işler ministri Gruziýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy
Aşgabatda Gruziýanyň täze Ilçisi işläp başlady
Gruziýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşyk