Türkmenistan bilen Gruziýa maliýe-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan bilen Gruziýa maliýe-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň Maliýe ministri L.Hutsişwili bilen duşuşdy.Duşuşygyň dowamynda taraplar maliýe-ykdysady ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony geljekde ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özara maýa goýumlaryny giňeltmek, bank ulgamyny ösdürmek we salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, maliýe gurallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle-de durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem taraplar iki döwletiň maliýe edaralarynyň arasyndaky özara ynamy berkitmegiň wajyplygyny nygtadylar we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen yzygiderli duşuşyklary hem-de tagallalary utgaşdyrmagy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Gruziýa söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýärler
Adam hukuklaryny goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy
Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri
Daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen çäreler
Gruziýada Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi