Türkmenistan bilen Halkara Energetika Agentligi hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistan bilen Halkara Energetika Agentligi hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Pariž şäherinde ýerleşýän Halkara Energetika Agentliginiň (HEA) baş edarasynda Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew bilen HEA-nyň Ýerine ýetiriji direktory Dr.Fatih Birolyň arasynda iş duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, 6-njy martda bolan duşuşygyň esasy meselesi Türkmenistan bilen HEA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürilmegi hem-de HEA-nyň 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Parižde meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Energetika ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara Forumyna (TEIF 2024) gatnaşmagy boldy.

Habarda bellenilişi ýaly, ilçi Çaryýew Dr.Birola foruma gatnaşmagy üçin türkmen tarapynyň resmi çakylygyny gowşurdy.Ol HEA-nyň Foruma ýokary derejede gatnaşmagynyň Türkmenistanyň energetika pudagyndaky başlangyçlarynyň halkara derejesinde goldanylýandygyna şaýatlyk etjekdigini nygtady.

Dr.Birol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Global Metan Ylalaşygyna goşulmak baradaky soňky başlangyjyna, şeýle hem COP28-de yglan edilen beýleki halkara ekologik başlangyçlara HEA-nyň ýokary baha berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ol Parižde gyzyklanma bildirýän taraplar, halkara donorlar we hyzmatdaşlar bilen mundan beýläkki ädimleri maslahatlaşmagyň möhümdigini nygtap, HEA-nyň Türkmenistany dünýäniň gün tertibine degişli uly ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmekde giňden goldamaga taýýardygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

I çärýekde dünýäde elektromobilleriň satuwy 75% ýokarlandy
Halkara energetika agentligi Türkmenistan bilen energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkider
Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýada geçirilen halkara lukmançylyk forumyna gatnaşdy
Halkara energetika agentligi 2022-nji we 2023-nji ýyllarda nebite islegiň derejesini peseltdi
Coca-Cola alyjylary ýalňyşdyrmakda aýyplandy
Huawei-iň akylly sagatlary we gulaklyklary žurnalistleriň baýraklaryna eýe boldy