Türkmenistan bilen IAEA hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitleýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (IAEA) Baş sekretary M.Gross bilen duşuşdy.

20-nji martda geçirilen duşuşyk Wene şäherindäki Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň edara binasynda geçirildi. Onda taraplar özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alyşdylar hem-de hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine oňyn baha berdiler. Söhbetdeşlikde, şeýle hem IAEA tarapyndan dolandyrylýan halkara resminamalaryň ähmiýetine üns berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda saglygy goraýyş, azyk howpsuzlygy we oba hojalygy ýaly pudaklarda hem hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň IAEA-nyň Konwensiýalaryna goşulýandygy baradaky güwänamalary gowşurmak dabarasy geçirildi
Raisi: Eýranyň gepleşiklerde islegi ygtybarly kepillikdir
Türkmenistan we Atom Energiýasy boýunça Halkara Agentligi hyzmatdaşlygy berkitmek üçin geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar
Zaporožýe Ýadro Bekedine Hüjüm Guraldy
Hepdede 4 gün işlemeli diýen netijä geldiler
Halkara Atom Energiýasy Gullugy Syýasy Basyş Ulagyna Öwrülmäge Çalyşylýar