Türkmenistan bilen Pakistan ýakyn wagtda üstaşyr söwda ylalaşygyny baglaşar

Türkmenistan bilen Pakistan ýakyn wagtda üstaşyr söwda ylalaşygyny baglaşar

Türkmenistan bilen Pakistan ýakyn wagtda gol çekilmegi meýilleşdirilýän üstaşyr söwda boýunça ylalaşygyň üstünde işleýär. Ikitaraplaýyn resminamanyň taslamasyny ylalaşmak üçin ministrlerden ybarat bolan wekiliýet ýakynda sapar bilen Pakistana barar. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atajan Möwlamowyň Pakistanyň işewürleri bilen duşenbe güni geçirilen duşuşygyň dowamynda aýdanlaryna salgylanyp, Pakistanyň "The Nation" gazeti habar berdi.

Geçirilen duşuşyga “LPG Industry” Assosiasiýasynyň başlygy Irfan Hohar, “SAARC” Söwda-senagat edarasynyň sekretary Zulfiqar Butt, “E-Light” kompaniýalar toparynyň baş müdiri Muhammad Abbas Malik, “Gold Gas Pvt. Ltd” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Shafqat Hussain we “Gold Gas” kompaniýasynyň müdiri Aziz Halid gatnaşdylar.

Duşuşygyň gün tertibindäki meseleleriň biri hem Pakistan bilen Türkmenistanyň arasynda energiýa hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşmak boldy.

Ilçi Atajan Möwlamow Türkmenistanda ägirt uly gaz gorlarynyň bardygyny belläp, energiýa söwdasyny ösdürmekde iki ýurduň hususy pudaklarynyň öňdebaryjy orny eýeläp biljekdigini aýtdy. Şeýle hem ilçi Pakistan bilen energiýa ylalaşygynyň ýurtdaky gaz ýetmezçiligini aradan aýyrmaga ýardam berjekdigini belledi.

Türkmen-pakistan bilelikdäki Söwda-senagat edarasynyň esaslandyryjy Prezidenti Daru Han Açakzai ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen, esasan hem energiýa pudagynda täze ýollaryň açyljakdygyny nygtady.

Şeýle hem duşuşykda Pakistanyň Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz importy, nyrhlary emele getiriş mehanizmi, üstaşyr nyrhlary we suwuklandyrylan gazyň Owganystanyň üsti bilen import edilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pakistan aprel aýynyň ahyrynda Owganystanyň günortasyndaky Kandagar welaýatynyň üsti bilen Türkmenistandan suwuklandyrylan gazyň ilkinji tapgyryny import etdi.

Ýene degişli makalalar

Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar
Türkmenistan we Pakistan üstaşyr söwda hakynda Şertnama gol çekmegi meýilleşdirýärler
"Argus" türkmen kompaniýalaryny “Argus LPG 2023” halkara konferensiýa gatnaşmaga çagyrýar
25.04.2019 | Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň mejlisi
Türkmenistan — Beýik Britaniýa: uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga tarap ugur
Global derňew Türkmenistanyň 1,4 milliard dollara barabar şübheli bank amalynyň üstüni açýar