Türkmenistan bilen Saud Arabystany maýa goýum hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Saud Arabystany maýa goýum hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow Er-Riýadda Saud Arabystanynyň Ösüş gaznasynyň baş direktory Soltan bin Abdul Rahman Al-Mürşid bilen duşuşdy. Bu barada Riyadh Daily neşiri tarapyndan habar berildi.

Gepleşiklere gatnaşan türkmen wekiliýetiniň düzümine TAPI Pipeline Company Limited kompaniýasynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanow hem girdi.

Duşuşykda Türkmenistanyň durnukly ösüşe goşant goşmagy maksat edinýän dürli möhüm ykdysady taslamalaryny ösdürmek maksady bilen maýa goýum hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Saud Arabystanyň Ösüş gaznasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň derejesine baha berildi.

Ýene degişli makalalar

OGT 2022: 2-nji gün — Gaz himiýasy, wodorod ýangyjy we arassa energiýa
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenisytanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky BAE-niň iň iri banky bilen hyzmatdaşlyk eder
Halk saz gurallary