Türkmenisytanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky BAE-niň iň iri banky bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmenisytanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky BAE-niň iň iri banky bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmenisytanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen BAE-niň iň iri banky, dünýäniň iň ygtybarly we iri banklarynyň biri bolan First Abu Dhabi Bankyň (FAB) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Agzalan maliýe düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirjek we iki ýurt üçin geljegi uly mümkinçilikleri açjak bu möhüm resminama türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-5-nji ýanwarda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparynyň dowamynda gol çekişildi.

Resminama türkmen tarapyndan Türkmenisytanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow, emirlikler tarapyndan bolsa FAB-yň dolandyryş geňeşiniň agzasy Mohamed Saif Al Suwaýdi gol goýdy. Ylalaşyk bu iki bankyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegi üçin berk hukuk binýadyny döredýär.

Ylalaşyk ykdysady bähbitleri öňe sürmek we durnukly ösüşi höweslendirmek babatdaky umumy borçnamalaryň esasynda dowam edýän hyzmatdaşlygy aňladýar diýlip, FAB-yň bu baradaky metbugat beýannamasynda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen BAE-niň banklary korrespondent hasaby açmak boýunça ylalaşdylar
Garramagy haýalladýan doňdurma oýlanyp tapyldy
Iň gymmat sanly sungat eseri
ТУРКМЕНИСТАН И МЕЖДУНАРОДНЫЙ СОЮЗ АВТОМОБИЛЬНОГО ТРАНСПОРТА НАМЕРЕНЫ РАСШИРЯТЬ СОТРУДНИЧЕСТВО
Samsung 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda täze önümlerini tanyşdyrar
Ýylyň iň gowy 10 filmi