Türkmenistan bilen ÝB Brýusselde nobatdaky parlamenatara duşuşygyny geçirdiler

Türkmenistan bilen ÝB Brýusselde nobatdaky parlamenatara duşuşygyny geçirdiler

Türkmenistanyň we Ýewropanyň parlament wekiliýetleri penşenbe güni Ýewropa Parlamentiniň binasynda ýyllyk 7-nji duşuşygyny geçirdiler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, türkmen tarapyna Mejlisiň adam hukulary boýunça komitetiniň başlygy Ýusupguly Eşşäýew, Ýewropa Parlamentine bolsa ÝB-niň Merkezi Aziýa we Mongoliýa boýunça ýolbaşçysy Juzi Prinçi başlyklyk etdi.

Türkmen wekiliýeti adam hukuklary babatda dialoga we hyzmatdaşlyga açykdyklaryny mälim edip, hususan-da raýatsyzlygyň soňuna çykmakda uly ösüşiň gazanylandygyny belledi.

Taraplar söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini hem-de ulag we infrastruktura pudagyndaky hyzmatdaşlygy hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda baglanyşdyryjy zynjyr hökmünde Merkezi Aziýa sebitiniň strategik ähmiýetine aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylar bilim ulgamynda özara tejribe alyşmagyň we sebitleýin hyzmatdaşlygyň hem-de Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň bilim ministrleriniň duşuşygyny geçirmek hakynda Türkmenistanyň teklibiniň ähmiýetini bellediler.

Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň we ÝB-niň 8-nji parlamentara duşuşygyny Türkmenistanda geçirmek hakynda ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ilçisi Ýewropa Parlamentinde brifing geçirdi
Brýusselde Belgiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek maslahatlaşyldy
ÝB-niň Eýranyň Ynkylap goragçylaryny “terror guramalarynyň” sanawyna almagyna garaşylýar
Türkmenistan we ÝB ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar
Uly Berdimuhamedow Awstriýa sapar edýär: Gün tertibinde energiýamy?
ÝB Russiýanyň duýduryşlaryna garamazdan, Kiýewdäki diplomatlaryny yzyna çekmejekdigini aýtdy
Brýusselde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň 7-nji parlamentara duşuşygy geçirildi