Brýusselde Belgiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek maslahatlaşyldy

Brýusselde Belgiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçisi Sapar Pälwanow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň ilçileri bilen bilelikde Belgiýanyň Wekiller palatasynyň Prezidenti Piter De Ruwer bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Belgiýa bilen sebitiň ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Duşuşykda parlamentara hyzmatdaşlygyň meselelerine, şeýle-de ulag, energetika, howanyň üýtgemegi we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Çäräniň dowamynda berk we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň esasy faktory hökmünde halklaryň we ýaşlaryň arasynda, bilim we medeniýet ulgamynda gatnaşyklary berkitmegiň ähmiýeti bellenildi.

Belgiýanyň Wekiller palatasy ýurduň federal parlamentiniň aşaky palatasy bolup, kanunlary kabul etmek, halkara ylalaşyklary tassyklamak hem-de parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça jogapkärçilik çekýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we “Euronews” telekompaniýasy bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi Owganystan boýunça ÝBMerkezi Aziýa dialogyna gatnaşdy
Türkmenistan “ÝBMerkezi Aziýa: Owganystan boýunça dialogynda” parahatçylyk başlangyjyny hödürledi
Türkmenistan demografiýa we gender deňligi ugurlarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany