Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Demirgazyk Günorta we Gündogar Günbatar halkara ulag geçelgeleriniň taslamalary boýunça işlerini dowam etdirer

Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Demirgazyk  Günorta we Gündogar  Günbatar halkara ulag geçelgeleriniň taslamalary boýunça işlerini dowam etdirer

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi.Duşuşygyň dowamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ÝTÖB bilen söwda-ykdysady we maliýe-bank ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geljekki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda energetika, ulag, sanly ykdysadyýet we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlary görkezdi.

Duşuşykda ulag-logistika pudagyna aýratyn üns berildi.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň häzirki zaman ulag infrastrukturasyny ösdürmek we Demirgazyk Günorta hem-de Gündogar Günbatar ugurlary boýunça halkara multimodal ulag geçelgelerini döretmek üçin möhüm mümkinçilik berýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti iri möçberli infrastruktura taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmek boýunça ÝTÖB bilen amaly hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge ýurdumyzyň taýýardygyny tassyklady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky ýaşyl energetika we suw hojalygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar
Türkmenistanyň Prezidenti ÝTÖB-niň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykýar
Türkmenistan we ÝTÖB özara düşünişmek hakynda bäş Ähtnama gol çekdiler
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
3-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti