Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky ýaşyl energetika we suw hojalygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky ýaşyl energetika we suw hojalygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi.Duşuşykda bankyň Türkmenistanyň ekologiýa we energetika ugurlaryndaky başlangyçlaryna gatnaşmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň energetika ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmaga we arassa, ýaşyl energetikany toplumlaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ugurda täze amala aşyrylýan taslamalara ýa-da täze başlangyçlara ÝTÖB-niň gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Duşuşykda oba hojalyk-senagat toplumy we ekologiýa meselelerine hem aýratyn üns berildi.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmagyň möhüm wezipeler bolup durýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Demirgazyk Günorta we Gündogar Günbatar halkara ulag geçelgeleriniň taslamalary boýunça işlerini dowam etdirer
Türkmenistanyň Prezidenti ÝTÖB-niň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykýar
Türkmenistan we ÝTÖB özara düşünişmek hakynda bäş Ähtnama gol çekdiler
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
3-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti