“Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

11-nji dekabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy guraldy.

Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýy mynasybetli guralan dabara, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R. Meredow, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýerli we daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary K. Babaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarow, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Ataýewa hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonso çykyş etdiler.

Dabaralardaky çykyşlarda milli Liderimiziň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda sowgat eden täze eseriň çuň manylydygyny hem-de onuň dünýä jemgyýetçiligi babatda hem örän uly ähmiýetlidigini bellediler.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

The post “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi kabul edildi
Serdar Berdimuhamedow ÝB-niň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Türkmen mekdep okuwçylaryna ýurduň Prezidentiniň adyndan noutbuklar sowgat berler, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipä bellendi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirdi
16.12.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti jemgyýetçilik- syýasy guramalaryň wezipeleri boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti jemgyýetçilik- syýasy guramalaryň wezipeleri boýunça maslahat geçirdi