Türkmenistan döwleti Aziýa Ösüş Banky bilen hyzmatdaşlygyny giňeltýär

Türkmenistan döwleti  Aziýa Ösüş Banky bilen hyzmatdaşlygyny giňeltýär

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministri Merkezi Aziýadaky Aziýa Ösüş Bankynyň başlygy bilen duşuşyp, Koronadan soňky döwürde sebit we saglyk hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada pikir alyşdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministri "Muhammetgeldi Serdarow" we Merkezi Aziýada Aziýanyň Ösüş Bankynyň başlygy "Safdar Parviz" 2030-njy ýyla çenli saglyk strategiýasy meselesi hemde Merkezi Aziýada ýol howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin tehniki kömek bermek barada maslahatlaşdylar.

Duşuşykda täze ykdysady koridorlary döretmegiň we ulag aragatnaşygyny gowulandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, sebitde telekeçiligi ösdürmek we iş orunlaryny döretmek üçin mümkinçilikler döretmegiň zerurdygy nygtaldy.

Merkezi Aziýanyň ykdysady maksatnamasy 10 ýurdy öz içine alýar: Owganystan, Mongoliýa, Azerbaýjan, Päkistan, Täjigistan, Gazagystan, Türkmenistan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Gürjüstan we Aziýa Ösüş Banky, Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky ýaly 7 halkara guramasy tarapyndan şol sanda Halkara Pul Gaznasy, Yslam Ösüş Banky, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy, Bütindünýä Banky we Aziýanyň Infrastruktura Maýa goýum Banky tarapyndan goldanýar.

Ýene degişli makalalar

AÖB Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
Türkmenistanyň oba ýerlerinde 415,8 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary guruldy
Türkmenistanda dolandyryş-çäk gurluşyna üýtgeşmeler giriziler, Aşgabatda halkara nebitgaz forumy geçiriler, Hazara gülgüne flamingolar gyşlamak üçin uçup geldiler
OGT 2022: 2-nji gün — Gaz himiýasy, wodorod ýangyjy we arassa energiýa
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Maliýe we ykdysadyýet ministrligine täze ýolbaşçy belledi
Serdar Berdimuhamedow iki sany wise-premýeri täzeledi we täze maliýe ministrini wezipä belledi, Türkmenistan Türkiýä goşmaça ynsanperwer kömegini iberdi, Türkmenistanyň iň gowy etraby $1 mln möçberinde pul baýragyny alar we beýleki habarlar