Türkmenistan dünýädäki suw meselesini çözmegiň üç ýörelgesini beýan etdi

Türkmenistan dünýädäki suw meselesini çözmegiň üç ýörelgesini beýan etdi

Türkmen wekiliýeti BMG-de ählumumy suw meselesi boýunça birnäçe başlangyçlary öňe sürdi.Has takygy, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Durdy Genjiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 22 24-nji martynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda Durnukly ösüş üçin suw: 2018 2028-nji ýyllar atly halkara hereketleriň onýyllygynyň maksatlaryna giňişleýin syn bermek boýunça geçirilen BMG-niň konferensiýasyna gatnaşdy.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň suw diplomatiýasy boýunça eýeleýän ornuny we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynda ýurduň ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi.

Hususan-da, Türkmenistanyň suw meselesine bolan çemeleşmesiniň suwuň adamzadyň umumy emlägidigi we arassa agyz suwuna deň hem-de adalatly elýeterliligiň her bir adamyň esasy hukugydygy ýörelgesinden gelip çykýandygy bellenildi. Şu nukdaýnazardan, esasan hem, ählumumy saglyk we azyk howpsuzlygy çökgünlikleriniň häzirki kyn şertlerinde suwdan peýdalanmak hukugyny üpjün etmek döwletlerden has-da jogapkärçilikli hereket etmegi talap edýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň sebitdäki ýüze çykýan suw we energetika meseleleriniň üç ýörelge esasynda çözülmeginiň tarapdarydygy nygtaldy. Olar,

Türkmen tarapy öz çykyşynda suw diplomatiýasynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigini belläp, suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak we daşky gurşaw meselelerini çözmekde halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, hususan-da, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp düzmek, BMG-niň Aral deňzi ýörite maksatnamasyny döretmek we Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine garşy tehnologiýalar üçin sebit merkezini döretmek ýaly birnäçe milli başlangyçlary öňe sürdi. Şeýle-de Türkmenistanyň wekiliýeti şu ýyl Täjigistan tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan Bütindünýä banky bilen bilelikde gurnalan Merkezi Aziýa: Suw hereketleri maksatnamasy boýunça borçnamalar atly ýokary derejeli çärä hem gatnaşdy.

Ýeri gelende bellesek, foruma dünýä boýunça 7 sany döwlet we Hökümet baştutany, 70-den gowrak ministr çagyryldy. BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş konferensiýanyň açylyş dabarasynda çykyş edip, ählumumy suw ýetmezçiligini ýeňip geçmek üçin aşakdaky dört ugurda bilelikdäki tagallalary birleşdirmegi teklip etdi:

Ýene degişli makalalar

Özbek azlyklary Türkmenistanda özbek dilli synplaryň açylmagyny sorap, ýüzlenme kabul edýär
Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedow Kazana iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi
BMG-niň hukuk goraýjylar boýunça hasabatçysy Düşemowyň azat edilmegine çagyrýar
Türkmenistan Ysraýylyň Dohadaky ýaşaýyş etrabyna uran zarbasyny ýazgarýar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 80-NJI SESSIÝASYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDY
Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi BMG-niň güni bilen gutlady